Habarlar 7 fewral 2018

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Nikos Anastasiadisi Kipriň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kipr Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagyny arzuw etdi.

Sport

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde FIFA-nyň dünýä Kubogy görkezildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Her dört ýyldan nobatdaky dünýä çempionatynyň öň ýanynda Kubok ýurtlar we yklymlar boýunça “syýahat” edip, futbol janköýerlerine meşhur sylagy görmäge hem-de uly sport wakasyna dahyllydygyňy duýmaga mümkinçilik berýär.

Ylym

Milli bilim instituty bilen Kembrij uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Döwletleriň 100-e golaýynyň wekilleri toparlardaky mejlisler görnüşinde geçirilen maslahata gatnaşdylar, olarda ykdysadyýetiň we bilimiň özara täsiri; bilime ulgamlaýyn çemeleşmek; çalt depginli özgertmeler eýýamynda bilimiň hilini üpjün etmegiň ýörelgeleri; başlangyç bilim we çagalaryň ösüşi ýaly temalar öwrenildi. Duşuşygyň temalaryna görä gurnalan sergide oňa gatnaşanlar häzirki şertlerde innowasion bilimiň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyry açyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ölçeglerine kybap düzümi döretmek - milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada onuň esasyny düzýär. Aşgabatda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan köpsanly täze binalar, ilkinji nobatda, ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary şol syýasatyň aýdyň nyşanlarydyr.

Medeniýet

Mukamlar köşgünde Eýranyň Medeniýet günleri açylyşy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki döwletiň ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegi gadym döwürlerden bäri taryhy we medeni umumylyklar bilen baglanyşykly biziň halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklarynyň anyk ýörelgelerini aýdyň tassyklaýar.

Medeniýet

Baş muzeýde açylan sergi Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bagyşlanýar

Tamara GLAZUNOWA

Milli mirasyň şanly mirasy, tutuş taryhyň dowamynda türkmenleriň hemrasy bolan nepis türkmen halylaryny, inçebil ahal-teke bedewleriniň, berdaşly düýäniň we wepaly alabaýyň şekillerini özünde jemleýän joşgunly manzar eýýamlaryň dowamatlylygyny we halkymyzyň ata-baba däplere ygrarlylygyny aňladýar.