Habarlar 11 march 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz kärdeşi bilen salamlaşyp, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýakynda geçirilen mejlisinde BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça Missiýasynyň uzaldylýandygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady we Milletler Bileleşigi tarapyndan pugta goldawa eýe bolan sebitleýin hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň we Owganystanyň işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmebaşy şäheriniň mekdep-internatynda maýyp çagalara hünär öwretmek barada ylalaşyga gol çekildi

Zeýnep AGAMÄMMEDOWA

Türkmen tarapyndan ylalalşyga Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa, ýapon tarapyndan –Ilçi Takahiko Kasumata gol çekdiler. Dabara gatnaşanlar dostlukly iki ýurduň özara hereketinde ynsanperwer ugruny, şeýle hem bu taslamanyň durmuş taýdan ähmiýetlidigini bellediler.

Medeniýet

Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar

Tamara GLAZUNOWA

Nikolaý Ýerşowyň “Maşgala” atly suraty serginiň ideýasyny beýan edýär—onda çeperçilik sungatyna berlen pikirdeşleriň ikisi—Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa şekillendirilipdir.Olar entek ýaş, hyjuwly we bagtly, döredijilik taýdan kemala gelmeli we kämilleşmeli ýyllar entek öňde.

Ylym

Türkmenistanyň tebigy we emeli tokaýlarynyň hasabaty geçirildi

Ýelena DOLGOWA

Türkmenistanyň “Ýaşyl öýkenini” öwrenmek işi Ahal welaýatyndan başlandy, bu ýerde Köpetdagyň barmasy kyn we berk goralýan ýerlerinde gowy saklanyp galan arça tokaýlary bar, şunuň bilen birlikde düzlüklerde we dag eteklerinde uly möçberli bag ekmek işleri amala aşyrylýar. Geçen ýyl Mary welaýatynda geçirilen şeýle işler sebitler boýunça barlaglary jemledi. Her welaýtyň tokaýlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge bir ýyl möhlet berildi. Indi alnan maglumatlary işläp we sistema salyp, olara analiz bermegiň wagty geldi. 2020-nji ýyla çenli tebigy we emeli tokaýlar boýunça doly hasabat taýýarlanylar, Döwlet tokaý kadastry düzüler.