Habarlar 16 march 2018

Resmi habar

Ýurdumyzyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Resmi habar

TSTB-e Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Lebapda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler

*** Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.

Resmi habar

Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Resminama “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmak, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen kabul edildi.

Resmi habar

TSTB-e Aşgabatda hemişelik peýdalanmaga ýer bölegi berildi

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan ýer bölegini bellenilen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Hyzmatdaşlyk

Pekinde geçirilen foruma gatnaşanlar halkara ulag-üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň tutýan orny ara alyp maslahatlaşdylar

Söhbetdeşlik meýdançasy Hytaýyň paýtagtynyň ulag pudagynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekilleini, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümini, şu ýokary okuw mekdebinde okaýan daşary ýurtly we türkmen talyplaryny birleşdirdi.

Hyzmatdaşlyk

Maglumat habary

GDA-dan uzak möhletleýin synçylar Türkmenistanyň Mary, Balkan, Ahal welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw okruglaryna baryp gördüler. Saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary synçylara saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada habar berip, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna tälim berlişi, şeýle hem saýlawlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň öňünde strategik wezipeleri goýdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşykda milli Liderimiz türkmen telekeçiligini goldamak boýunça kabul edilen täze çözgütleri beýan etdi, strategik maksatnamalary durmuşa geçirmekde hususy düzümleriň goşandyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekdi we TSTB-niň zähmetde tapawutlanan işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.