Habarlar 17 march 2018

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekillerine aýdan Gutlag sözlerini olar uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol duşuşykda milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda öz hatarlarynda häzir 20 müňden gowrak agzalaryny birleşdirýän hem-de işjeň ösýän işewür jemgyýetçiligi bolan bu iri guramanyň işine ýokary baha berildi.

Sport

Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndy topary Feliks Ştamm adyndaky ýaryşda üçünji orny eýeledi

Fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu bäsleşiklere gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli boksçylarymyz ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýolbaşçylygynda Polşada geçirilen ýaryşa gatnaşdylar,

Medeniýet

Moskwanyň “Karnelli” sirkiniň artistleri aşgabatly tomaşaçylara iň gowy çykyşlaryny hödürlediler

Tamara GLAZUNOWA

Ilki bilen Russiýanyň at gazanan artisri, Udmurtiýanyň halk artisti Andreý Kowgaryň ýolbaşçylygynda akrobatlar towsulýan ýüpli çykyş etdiler. Olar geçen asyryň 30-njy ýyllarynyňka meňzedilen çykyşlarynda şol döwrüň sazlaryny ulanýarlar. Daşyndan görmäge ýönekeýje ýüp ýalydyr welin, ulanybilseň şonda-da dürli tilsim görkezip bolýan eken... Akrobatlar ýüpleri ezber ulanyp, olardan üýtgeşik bir kerep kysmy şekil döredýärler. Yzyny üzmän pyrlanyp duran özboluşly bu uly çarhda artistler her dürli bökýärdiler. Akrobatlaryň biri beýlekisiniň egnine münüp, ýüp bökende tomaşaçylar onuň ussatlygyna haýran galyp el çarpdylar. Bir-biriniň kebzine çykan üç artistiň görkezen tilsimi welin, tomaşaçylara şowhunly el ...

Ykdysadyýet

TNGIZT-niň önümleri we dokma önümleri birža söwdalarynda köp isleg bildirilen harytlar boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, russiýaly, BAE-li, türkiýeli, pakistanly, owganystanly, ermenistanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplük, şeýle hem awtoulag serişdelerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 84 million 907 müň dollaryndan ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ykdysadyýetiň hususy bölegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrýar

Bu şanly senäniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenmeginde gadymy türkmen täjirleriniň, telekeçileriniň hyzmaty örän uludyr.