Habarlar 18 march 2018

Medeniýet

Döwlet muzeýinde Nowruza bagyşlanan sergi açyldy

Ýelena DOLGOWA

Sergide žiwopis, keramika, çüýşeden zat ýasaýan, halk senetleri ussatlarynyň eserleri goýlupdyr. N. Dowodowyň, Ö. Mämmetnurowyň, W. Makowskiniň we beýleki nakgaşlaryň işlerinde bahar alamatlary—gök begrese bürenen dag dereleri, meýdanlaryň bezegi al-elwan güller şekillendirilipdir. Guýma aýnadan we umman balykgulaklaryndan ýasalan ertekilerdäki ýaly owadan guş şekilleri sergä baýramçylyk röwşüni çaýýar. Serginiň bölümleriniň birinde bilezik, saçlyk, tumar, şelpeli egme ýaly gadymy milli şaý-sepleriniň nusgalary görkezilýär. Halylaryň dürli görnüşleri, gelin-gyzlarymyzyň toý lybaslary, nepis gaýalan keşdeler sergä ozboluşly görk berýär.

Ykdysadyýet

Teleçekileriň sergisine gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Forumda obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünlikleri görkezildi, bu gözden geçiriliş şeýle hem içeri we daşary bazarlarda hususy kärhanalaryň önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň öňe ilerlemegine, Watanymyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.