Habarlar 3 march 2018

Sport

Ilkinji ýaryş: köňüllere ganat berýän tanslar

Gülşat PIRMUHAMMEDOWA

Aşgabat Aziadasy diňe bir türkmen sportunyň ýeňşi bilen däl, eýsem ählumumy jebislik we ruhubelentlik ruhy bilen hakydamyzda galdy. Uly möçberli taýýarlyk işleri, Olimpiýa şäherçesiniň özboluşly binalarynyň hersiniň işe girizilmegi taryha girdi. Özgeren we uly sport baýramynyň ruhuna beslenen Aşgabat diňe bir V Aziadanyň paýtagty bolman, eýsem dost-doganlygyň we wysal bolan arzuwlaryň şäheri boldy. Biziň gözümiziň alnynda taryh sahypalary ýazyldy, hemmämizem üstünlik energiýasyny döredip, oňa öz gatanjymyzy goşduk.

Sport

Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 4 medala eýe boldular

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

21 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde iki medaly ýygyndy toparymyzyň ussatlary Saýara Awezmetowa we Gülbahar Madreýimowa gazandylar. Ýaryşyň deslapky tapgyrlaryndan soňra ýarym finalda olar özara duşuşdylar, şunda Saýara üstün çykdy. Ol finalda wýetnamly bäsdeşini ynamly ýeňip, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony boldy. G.Madreýimowa bolsa Awstriýadan gelen türgenden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.

Ykdysadyýet

TNGIZT-niň önümleri, nah ýüplügi, pagta süýümleri, aýna önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere aýna, nah ýüplük, egirme önümleriniň galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 176 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ykdysadyýet

Milli we halkara bilermenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Ýelena DOLGOWA

Duşuşyk Türkmenistanyň “Öri meýdanlary hakynda” Kanunyna kanunçylyk namalaryny taýýarlamaga gönükdirilendir. Oňa milli parlamentiň, Oba we suw hojalyk ministrliginiň wekilleri, Ahal we Lebap welaýatlarynyň ýer serişdelri boýunça welaýat we etrap müdirlikleriniň, şeýle hem “Türkmenýertaslama” Döwlet taslama institutynyň we Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärtleri gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşmaga TYA-nyň maldarçylyk we weterinariýa, biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutlarynyň işgärleri, şeýle hem telekeçi maldarlar we ekologiýa jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Jemgyýet

Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üçin sylaglara we hormatly atlara mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini sylaglamak we täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy goşa baýrama öwrüldi.

Hyzmatdaşlyk

Daşkentde türkmen-özbek özara hereketiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyda 2018-2020-nji ýyllarda Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda şertnamany durmuşa geçirmek jähtinden ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.