Habarlar 6 march 2018

Hyzmatdaşlyk

Berlinde saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan gatnaşyklaryň şu görnüşi türkmen we nemes kärdeşleriniň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Ykdysadyýet

2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

2017-nji ýylda hereket edýän awtoulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, demir ýollaryň gurulmagy we ýurdumyzyň howa gatnawynyň we deňiz flotunyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iri taslamalar amala aşyryldy. Öz saýlap alan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarly, ählumumy ykrar edilmegi boýunça sebitde ylalaşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Garaşsyz hem Bitarap Watanymyz halkara ähmiýetli möhüm taslamalarda ajaýyp beýanyny tapýan täze, döwrüň talap edýän taglymlaryny barha işjeň ornaşdyrýar.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine täze ýolbaşçy belledi

“Bereketli toprak” gazetiniň ozalky ýolbaşçysy Bekmyrat Kakageldiýew hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, pensiýa gitmegi sebäpli, wezipeden boşadyldy.

Ykdysadyýet

Daşoguzly şalyçylar gowy hilli tohum bilen üpjün edildi

Batyr ÖRÄÝEW

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda sekiz müň bir ýüz gektar ýere şaly ekiler. Esasan S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşan şalynyň ýokary hasylly we kesellere durnukly görnüşleri ýetişdirilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan goldanylmagy, döwrebap tehnikalar parkynyň bolmagy demirgazyk sebitiň ekarançylarynyň gymmatly azyk önümini öndürmekde ýokary görkezijiler gazanmagyna ýardam edýär.

Medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergi açyldy

Serginiň halk döredijiliginiň dürli ugurlary we türkmen zenanlarynyň elinden çykan işleri bilen tanyşdyrýan bölümleri däp-dessurlarymyzy dowam edýän zenanlaryň ýurduň taryhynda eýeleýän orny barada giňişleýin düşünje berýär.

Ylym

SEEMOUS-2018 bäsleşiginde talyplar matematika topary medallaryň 7-sini eýeledi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Dünýä ýurtlarynyň ençemesinden, şol sanda Argentinadan, Russiýadan, Gresiýadan, Kiprden, Çehiýadan, Bolgariýadan, Belarusdan, Makedoniýadan, Rumyniýadan we Türkmenistandan talyp ýaşlaryň ýüzden gowragy abraýly aň-paýhas bäsleşigine gatnaşdylar.