Habarlar 8 march 2018

Jemgyýet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň zenanlarynyň şanyna

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygar astynda geçýän şu ýylda ajaýyp zenanlar baýramçylygyna gabatlanylan dabaralar hem-de çäreler aýratyn mana eýedir, çünki baý milli mirasymyzy aýawly saklamak hem-de geljekki nesillere geçirmek işinde zenanlaryň hyzmaty örän uludyr. Zenanlar dessanlaryň we rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we liriki gazallaryň, halk aýdymlarynyň ajaýyp gahrymanlarydyr. Zergärler olara täsin sungatyny bagyşlap, gymmat bahaly metallardan hem-de daşlardan ajaýyp şaý-sepleri döredipdirler. Zenanlaryň döreden hem-de ruhlandyran zatlaryny sanap geçmek halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny beýan etmegi aňladýar.

Jemgyýet

«Ýylyň zenany» milli bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Irina YMAMGULYÝEWA

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda geçirilen däbe öwrülen gözden geçiriliş: “Ýokary hünär başarnygy üçin ”, “Milli çeper el işler sungatyny saklap galmaga goşan goşandy üçin”, “Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy ýaýmaga goşan goşandy üçin”, “Çaga terbiýesindäki üstünlikleri üçin”, “Ýurduň goranyş ukybyny we jemgyýetde kanunçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin”, “Oba senagat pudagyny ösdürmäge goşan goşandy üçin”, “Telelkeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” ýaly ýedi ugurda saýlanan zenanlarymyzy kesgitleýär. Onuň sebit tapgyrlarynyň netijesi boýunça welaýatlardan we paýtagtymyzdan tapawutlanan zenanlaryň 42-si saýlanyldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!