Habarlar 1 april 2018

Jemgyýet

Döwlet muzeýiniň tematiky sergisinde Türkmenistandaky guşlaryň köpdürliligi görkezildi

Enejan ALTYÝEWA

Döwlet muzeýindäki sergiden ozal düşündiriş çäreleri geçirildi. Ornitologlar guşlaryň seýrek duşýan görnüşleriniň, şol sanda ötegçi we bizde höwürtgeleýän görnüşleriniň ýaşaýyş şertleri barada gürrüň berdiler. Çal durnalaryň göçüşi barada film görkezildi, bizde gyşlaýan çulugyň seýrek görnüşi—gara depeli tekejyllygyň uly sürüsiniň üstünden barlandygy barada gürrüň berildi. Dabara çagyrylan paýtagtdaky mekdepleriň biologiýa mugallymlaryna “Türkmenistanyň guşlary” atly suratly meýdan kesgitleýjisi sowgat berildi.

Ylym

Bilim ulgamynyň hünärmenleri dil öwretmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Foruma ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, umumy orta bilim berýän mekdepleriň daşary ýurt dilleri mugallymlary we Milli bilim institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahat umumy we bölümleriň dördüsinde mejlisler görnüşinde geçirilip, olarda ýüze golaý ylmy habarlar beýan edildi.

Jemgyýet

Halkara guşlar gününe bagyşlanan düşündiriş çäreleri

Ýelena DOLGOWA

Guşlar gününe bagyşlanan çäreler ozaly bilen ýaşlara gönükdirilendir. Adatça şol gün ýetginjekler guşlara syn etmek we olary hasaba almak üçin geçirilýän ornitologiýa saparlaryna gatnaşýardylar, şäher içinde çagalar sar ketegini ýasaýardylar we olary agaçlardan asýardylar. Ikinji jahan urşy ýyllary we 1948-nji ýylyň ýer titremesi her ýyl geçirilýän çäreleriň arasyna böwşeňlik salypdy. Tizara guşlary goramagy wagyz etmek işlerine täzeden başlanyldy, baýrama isleg bildirýänleriň sany barha artýardy. Ulular we çagalar şöl gün suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerlerini abadanlaşdyrýardylar, olara ahyrlar ýasaýardylar. Kän wagt geçmänkä çärelere jemgyýetçilik ekologiýa guramalary-da goşuldy, Türkmenistanyň ...

Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 164-si hasaba alyndy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Manat serişdelerine Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Kanadanyň, Pakistanyň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 10 million 637 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Medeniýet

Atajan Aşyrowyň suratlary adamlara gülki paýlaýar

Tamara GLAZUNOWA

Şu ýylky sergi tema babatda ençeme bölüme bölünipdir. Gülki paýlaýan nakgaşyň döredijiliginde türgenlerdir sazandalaryň, daýhanlaryň we aşyklaryň, çagalaryň we olaryň ata-enesiniň durmuşynyň gülkünç pursatlary öz ornuny tapýar.