Habarlar 17 april 2018

Jemgyýet

Döwrüň binagärlik keşbi: durmuşyň täze hili we ýörelgeleriň mynasyp dowamy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Oňaýlylyk, rejelilik, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk we öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ülňüleri Watanymyzda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, edara binalarynyň, senagat desgalarynyň, sport we beýleki durmuş maksatly binalaryň, ulag düzüminiň esasy ugurlary bolup durýar. Žurnalyň täze sany bu ulgamdaky ylmy we amaly işleriň esasy meýillerini, milli binagärligiň taryhyny, däplerini we häzirki döwrüni, ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny, täzeçil ýörelgeleri girizmegiň hem-de ýokary hünärli ugurdaş işgärleri taýýarlamagyň meselelerini we beýlekileri öz içine alýar.

Jemgyýet

Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

BAE-niň “Dew Jeneral Trading” kompaniýasynyň we ýerli “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň BMGÖM-niň ýardam bermeginde bina edilen suw geçiriji ulgamy energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy, bu desga suwuň üç ugur: oba hojalygy, agyz suwy we durmuş maksatly zerurlyklarda peýdalanmak üçin paýlanylyşyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Suw geçiriji boýunça her gije-gündizde Laýynsuw çeşmesinden ýerli suw üpjünçilik ulgamyna 14000 kub metrden gowrak suw (sekundda 165 litr) akdyrylýar.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — Gazagystan: goňşy ýurtlaryň sebitleriniň özara gatnaşyklary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Sizi Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, eziz Watanymyzyň döwlet berkararlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!