Habarlar 18 april 2018

Medeniýet

Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň alymlary hem-de hünärmenleri, şol sanda saz öwrenijileri, dilçileri, sungaty we medeniýeti öwrenijileri paýtagtymyza geldiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýurdumyza gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar we dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Gubernator ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meselelere hut özüniň üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan, Newanyň boýundaky şäheriň däbe öwrülen bu gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Medeniýet

Gymmatly milli miras babatda döwlet tagallalary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize köp zatlar barada gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr. Milli Liderimiziň kitabynyň şu ýylyň şygaryna öwrülen ady dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Munuň özi yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklaryny başlan Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ýagdaýdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkyna bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri ...

Wakalaryň jümmüşinde

«Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara

Sizi «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýdym-saz sungatyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatyň hem-de festiwalyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmegi aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmekde, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.