Habarlar 2 april 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmäge degişli meselelere garaldy.

Ykdysadyýet

Çoganlydaky kottejler toplumynyň çägi giňelýär

Wladimir KOMAROW

Gurluşykçylar ozal paýtagtyň demirgazygynda iri panelli jaý gurluşyk zawodynda taýýarlanylan gurnamalardan kottejleriň üç ýüze golaýyny bina edipdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalar 70 gektar ýerde ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän iki gatly jaýlaryň 320-sinden ybarat toplum gurupdylar. Täze jaýlaryň ýokary amatlylygy we otaglarynyň ýerleşişiniň gowulandyrylmagy ýokary derejeli ekologiýa taýdan oňaýlylgy, binalaryň özbaşdaklygy we berkligi bilen utgaşýar. Şeýlelikde, Çoganlyda kottej görnüşli jaýlaryň eýýäm 800-den gowragy guruldy.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet

Daşoguz welaýatynyň çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy sebitiň myhmanlaryny begendirýär

Batyr ÖRÄÝEW

Skripka çalmak ussatlygyny kämilleşdirmek Daşoguzyň welaýat çagalar sungat mekdebiniň işiniň esasy ugurlarynyň biridir, bu ýerde çagalaryň üç ýüzden gowragy fortepianoda, kirişli we halk saz gurallarynda saz çalmagy, aýdym aýtmagy we tans etmegi öwrenýärler. Olardan iň zehinlileri we erjelleri mekdebiň birleşdirilen hor, skripkaçylar ýa-da bagşylar ansambly ýaly döredijilik toparlaryna gatnaşýarlar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyzda bolup geçýän uly syýasy-jemgyýetçilik waka — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VIII gurultaýynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we gurultaýyň işine üstünlik arzuw edýärin!