Habarlar 6 april 2018

Resmi habar

Resmi habarlar

*** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe duýduryş yglan edildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Jemgyýet

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň täze düzüminiň mejlisleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

25-nji martda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine we halkara kadalara laýyklykda, köppartiýalylyk, syýasy köpdürlülik, giň bäsleşik, açyklyk, aýanlyk şertlerinde, demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlary agzybirlikde guramaçylykly geçirildi.

Ykdysadyýet

Owadandepede gurulýan gaz himiýasy toplumynda goýberiş-sazlaýyş işlerine başlanyldy

Wladimir KOMAROW

“Türkmengaz” DK-niň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda toplumyň gurluşygy ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we Döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar.