Habarlar 7 april 2018
Hyzmatdaşlyk
Türkmen hünärmenleri döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň halkara tejribesi bilen tanyşdylar
Saparyň maksady—işgärler syýasatynda halkara tejribesini, şeýle hem döwlet gullukçylaryny taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak ulgamyndaky täzelikleri öwrenmekdi. Sapar Gazagystanyň Hökümetiniň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň başlangyjy bilen 2013-nji ýylyň mart aýynda ýurtlaryň 25-siniň we halkara guramalarynyň 5-siniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen Astanadaky döwlet gullugy ulgamyndaky Sebit bölüminiň ýardam bermeginde guraldy. Sebit bölümi döwlet gullugyny özgertmekde bilimleri we tejribe alyşmak boýunça binýat bolup, maslahatlar we usulýet goldawyny berýär.
Wakalaryň jümmüşinde
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Şu gün, ýaz paslynyň ajaýyp pursadynda milli senenamamyzyň şanly wakalarynyň sanawyna girizilen we däbe öwrülen Saglyk ýoluna çykmak çäresi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, sagaldyş, medeni çäreler guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hyzmatdaşlyk
GDA ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary maglumat tehnologiýalary ulgamynda jenaýatçylyklara garşy göreşmekde GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň, 2019 — 2023-nji ýyllar üçin jenaýatçylyga garşy göreşmegiň bilelikdäki çäreleriniň döwletara maksatnamasynyň taslamalaryna we beýlekilere garadylar.
Hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda düýpli özgertmeler bilen baglylykda milli parlamentiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň bu başlangyçlary Türkmenistanyň häzirki ýeten ykdysady we durmuş ösüşiniň depgininiň has-da güýçlendirilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli üpjün edilmegine ýardam bermelidir.
Wakalaryň jümmüşinde
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.