Habarlar 9 april 2018

Jemgyýet

Türkmen diplomatlary Daşkentde welosipedli ýörüş geçirdiler

Sport çäresinden öň 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara sport çäreleri, hususan-da, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen tanyşdyrylyş boldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu ýaryşlaryň maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekdir, dünýä belli sport döwleti hökmünde ýurduň abraýyny artdyrmakdyr.

Sport

Awiamodelizm muşdaklary ilkinji bahar ýaryşyny geçirdiler

Wladimir KOMAROW

Geçen ýylkysy ýaly, diňe bir türgenleriň öz eli bilen ýasan awiamodelleriniň däl, eýsem dünýä belli kompaniýalaryň önümleriniň hem gatnaşdyrylmagy ýaryşa höwesekleriň sanyny artdyrdy. Şonda-da Kubok ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyrynda radio arkaly dolandyrylýan uçarçygyň nusgasyny öz eli bilen ýasan Gajy Toçkus ýeňiş gazandy. Ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyrynda ol has tejribeli türgenlerden-de öňe saýlandy. Ikinji orny geçen ýyllardaky ýaryşlarda ençeme gezek ýeňiş gazanan sport ussady Sähet Kulyýew eýeledi. Sergeý Obrazsow üçünji orna düşdi. Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyrynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ýaryşyň ikinji tapgyry 13-nji maýda ...

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Pekiniň nusgalyk mekdebine baryp gördüler

Mekdebe sapar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek jähtinden gurnaldy. Hytaýly mekdep okuwçylary türkmen myhmanlaryny bu bilim edarasyna aýladylar, mekdep muzeýiniň eksponatlary bilen tanyşdyrdylar, öz döredijilik we sport üstünlikleri, paýhas gözden geçirilişlerine gatnaşyşlary barada gürrüň berdiler.

Ylym

Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsinde çigildemleriň seýrek duşýan 16 görnüşi gabat gelýär

Aknabat POTAÝEWA, Ýelena DOLGOWA

Käte fewralda, köplenç mart aýynda Merkezi Köpetdagda çylgymly ýaýbaň ýaşyl ýapraklar, soňam ösüp ugran baldaklarda çigildem gülleri peýda bolýar. Miheliň çigildeminiň gülýapraklary gülüň düýbünden goýy-melewşe tegmil bolup açylyp ugraýar. Wilsonyň gyzyl, Buzäniň goýy-sary çigildemi gar eränden beýlekilerden öň gögerip, owadanlygy bilen göreni özüne bendi edýar.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — Russiýa: parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji mejlisine gatnaşmaga çagyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerden bolan halkara synçylaryň ýakynda biziň ýurdumyzda geçen Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary baha berendiklerini belledi.

Sport

Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“K-1” ugry boýunça türgenlerimiz iki sylaga mynasyp boldular: 54 kilogram agramda çykyş edýän Çary Çaryýew ýaryşyň kümüş medalyny, Akmyrat Akyýew bolsa (67 kilograma çenli) bürünç medaly gazandy.