Habarlar 10 may 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söweşjeň baýdaklary gowşurdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda şu dabara gatnaşýan harby gullukçylar nyzama düzüldiler. Bu çäräniň bitewi dabara hökmünde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda bellenilýändigi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Ykdysadyýet

Täze senagat desgalary — ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagynyň binýady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen iri senagat toplumy ýylda ýüplügiň 3 müň 300 tonnasyny, şondan taýýarlanan matalaryň 20 million inedördül metrini, şol sanda boýalan matalaryň 18 million inedördül metrini hem-de 3,5 million taýýar tikin önümlerini öndürer.

Jemgyýet

Oňaýly ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň abadançylygy barada döwlet aladasydyr

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dört gatly jaýlaryň taslamalary olaryň binýadynyň, üçeginiň we diwarlarynyň sazlaşykly çözgütleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Binalaryň gurluşygynda döwrebap ýylylyk saklaýjy serişdeler ulanyldy. Goşmaça kömekçi otaglary bolan uly ýaşaýyş meýdanly öýleri gurmak indi kada öwrüldi. Öýleriň her birinde ýaşaýjylaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin şertler we oňaýlyklar döredildi.

Medeniýet

Alp Arslan adyndaky teatrda Zaki Zaýnulliniň “Baýryň aňyrsynda” atly powestiniň esasynda “Alty gelin” oýny goýuldy

60 kilometrlik ýol tutuş güniňi alýar, galyberse-de olaryň biri Münewweriň emdirýän bäbegem ýanynda, Reýhan bolsa doga keýtik. Wagt çalt geçer ýaly olar uruşdan öňki döwürdäki durmuşlaryndan gyzykly wakalary ýatlaýarlar.