Habarlar 12 may 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2 million 172 müň manatlykdan gowrak möçberde arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlginiň kärhanalarynda öndürilen önümleri satyn aldylar.

Sport

Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Söweş sambosy boýunça türgenlerimiz bäş altyn medaly gazanyp, aýratyn tapawutlandylar. Ýokary agram derejesinde (100 kilogramdan ýokary) çykyş eden Babajan Iwadullaýew ýokary baýraga eýe bolup, Aziýanyň häzirki çempiony derejesini tassyklady. Geçen ýyl bu türgen Daşkentde geçirilen ýaryşda 100 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeläpdi.