Habarlar 16 may 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Medeni mirasy gorap saklamak boýunça iri türkmen-amerikan taslamasy tamamlandy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu gün “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýurdumyzda örän iri arheologik toplum hökmünde tanalýan gadymyýetiň täsin binagärlik gurluşy bolan Uly Gyzgalyny gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Sport

“Altyn asyr” AFK-NYŇ Kubogy ugrunda ýaryşy dowam eder

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Jemleýji tapgyryň esasy duşuşygy Duşenbede geçirilip, ol ýerde Aşgabadyň “Altyn asyry” we Täjigistanyň “Istiklol” topary duşuşdy.

Ykdysadyýet

Türkmenistan obasenagat toplumynyň önümçilik binýadyny pugtalandyrýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu şanly wakalar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädimdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda häzirki zaman agrosenagat düzümlerini döretmäge saldamly maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna alnanda, döwletimiziň ykdysady taýdan gülläp ösmegine, halkyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlyk

Sebit işçi toparynyň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) ýardam etmeginde AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy. Oňa Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetindäki, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyndaky (DÖDT), Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparyndaky (DUSHT) wekilleri, ADSM-4-i işläp taýýarlamak hem-de AHHG-niň işiniň düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek boýunça iş toparlaryň düzümine girýän bilermenler, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC) hem-de Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.