Habarlar 17 may 2018

Hyzmatdaşlyk

Milli hünärmenler tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar

Mähri BEKGADOWA

Duşuşyga ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň we BMG-nyň agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Daşky gurşaw boýunça bilermenler suw üpjünçiligi, arassaçylyk, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş, energetika we ulaglar ýaly ulgamlarda usulýetiň dünýä tejribesi bilen tanyşdylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Milli Liderimizi nesilleriň özara baglanyşygyny, olaryň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýaly beýik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýan milli senenamamyzyň şanly senesi bilen gutlap, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk we köpugurly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Hyzmatdaşlyk

Tbiliside dünýä goşulyşma işlerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi

Maslahatda MYA-nyň prezidenti Georgi Kwesitadze, türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Döwletmyrat Myradow, syýasatşynas, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti Badri Naçkebiýa, Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory L. Metreweli we beýlekiler çykyş etdiler.

Ylym

Türkmenistanly okuwçylar «Infomatrix 2018» halkara taslama olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

Mähri BEKGADOWA

Taslama işleriniň 7-sini, şol sanda bilelikdäki işleri taýýarlan okuwçylaryň 11-si ýurdumyza wekilçilik edip, kümüş medallaryň 2-sini we bürünç medallaryň 9-syny eýelediler. Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň informatika mugallymy Maksat Meredow türkmen intellektuallar toparynyň halypasydy.

Amul-Hazar 2018

Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda — Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahatlar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Mejlisi gurady.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň medeniýetini we aýdym-saz sungatyny, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde gazanan uly üstünliklerini hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň kirişli saz gurallary bölüminiň ýokary derejeli skripka mugallymy, “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmarky Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni ...

Resmi habar

Döwlet baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, ägirt uly şatlyk bilen Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.