Habarlar 2 may 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, bu wekilçilikli forumyň ajaýyp wakanyň — sebit hem-de yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwrüljek Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylmagynyň öňüsyrasynda geçirilmegi bellärliklidir.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatdaky çykyşy

Biziň gadyrly myhmanlarymyza: «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri, şeýle hem biziň bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärin.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen Liderini ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu taslamanyň taryhy ähmiýeti sebitdäki goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen doly möçberli halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen şertlendirilendir.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Abbas Ahmad Ahundi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu günki ajaýyp waka — Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen gutlady. Nygtalyşy ýaly, Eýranda okgunly ösýän, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türk işewüri milli Liderimizi taryhy waka — Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bu gün Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünlikleri bilen tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli ýöretmegi netijesinde işewür toparlaryň wekilleri, şol sanda türk kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary berkeýär. Olar Türkmenistanda kuwwatly senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, Ahmet Çalyk belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dünýä derejesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýolunda möhüm ädime öwrülmäge gönükdirilen forumyň açylmagy bilen milli Liderimizi gutlady. Ulanmaga berilýän Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barada aýdyp, EAHF-nyň ýolbaşçysy Hazarýaka sebitde möhüm logistika çatrygynyň kemala gelmeginiň ulagyň ähli görnüşlerini peýdalanmak bilen, ýük akymlaryny utgaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman häzirki zaman halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar bilen gutlap, milli Liderimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi, ol doganlyk türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikler gazanmak baradaky mähirli gutlaglary aýtdy. Jenap Ahmet Arslanyň nygtaýşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýedir.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman döwlet Baştutanymyza Hazar deňzinde deňiz ulag geçelgeleriniň esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat etjek ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de gutlaglaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň başyny başlan, Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryny işjeň goldap, ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam edýär.