Habarlar 30 may 2018

Ykdysadyýet

Innowasiýalar we dessinlik “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň işiniň netijeliliginiň ugurlarydyr

Wladimir KOMAROW

Müdirlik ýangyç-energetika toplumynyň önümçiliki desgalarynyň tehnologik resminamalaryny taýýarlamak we abadanlaşdyrmak babatda işleri ýerine ýetirdi. Gaz konserniniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinde Balguýy, Kerpiçli ýataklaryny we Naýypdaky suwuklandyrylan gaz öndürmek boýynça kuwwatlyklary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek üçin “Naýyp” ýokary woltly energiýa kiçi bekedini gurýarlar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ministr parahatçylykly, goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler, goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, serkerdeleriň hem-de tutuş şahsy düzümiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Foruma ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary-da çagyryldy. Türkmen tarapyndan degişli edaralaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk

Parlamentara Birleşigiň wekiliýetiniň sapary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Wekiliýetiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, wekiliýetiň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler we demokratik reformalar amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini ýerinde görmäge döredilen mümkinçiligi uly kanagatlanma bilen kabul etdiler. Bu özgertmeler ýurdumyzyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girmegine ýardam etdi. Dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary we durmuşa geçirýän çäreleri halkara jemgyýetçiliginde uly hormata hem-de ykrar edilmegine mynasyp bolýar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

Resmi habarlar

*** “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen podpolkownik Bezirgen Annagylyçowiç Nazarow Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň dolandyryş merkeziniň başlygy — Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.