Habarlar 4 may 2018

Ykdysadyýet

Iýun aýynda TNGIZT-de aýratyn üýtgeşik sypatly polipropilen plýonka çykarylyp başlanar

Wladimir KOMAROW

Täze enjam zawodyň hünärmenlerine TNGIZT-de öndürilen polipropilenden alynýan önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýylda ýerli çig maldan dürli görnüşli we dürli zatlara niýetlenen, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen pleýonkanyň 20 müň tonnadan gowragy taýýarlanylar.

Ykdysadyýet

Türkmenabatly himiýaçylar kükürt kislotasynyň eksportyny ardyrýarlar

Berdimyrat JUMAÝEW

Kärhana Merkezi Aziýa sebitinde ýokary hilli kükürt kislotasyny öndürýän iň iri önümçilikdir. 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýylda 500 tonna kükürt kislotasyny ömdürmek boýunça senagat toplumyny işe girizmäge badalga berildi. Ýokary tehnologiýaly önümçilik gije-gündiziň dowamynda işledilip, 1 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasy çykarylýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary üçin makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, ähli pudaklarda oňat netijeler gazanyldy.

Jemgyýet

Harby däpleriň mirasdüşerleri: türkmen topragyndaky asudalyk ygtybarly goralýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen halkynyň harby däpleriniň mirasdüşerleri, Watanymyzyň merdana goragçylary özlerini nobatdaky gezek watandaşlarymyzyň asuda durmuşynyň goragynda duran kuwwatly, mizemez we jebis güýç hökmünde görkezdiler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Halykdurdy Annadurdyýewiç Gurbanowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Resmi habar

Resmi habar

*** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sülgün Geldimyradowna Babaýewa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Medeniýet

Türkmenistanyň Seuldaky diplomatik wekilhanasy ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan tanyşdyrylyş geçirdi

Ýurdumyzyň Seuldaky diplomatik wekilhanasynyň gurnan wideo-tanyşdyrylyşy Koreýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini türkmen halkynyň baý taryhy-medeni we ruhy mirasy, pederlerimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşant ägirt uly goşandynyň özboluşly subutnamalary bilen tanyşdyrdy.