Habarlar 18 june 2018

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Öňde barýan üç etrabyň hatarynda meýilnamanyň 70 göterimini ýerine ýetiren Farap etrabynyň hem-de 65 göterimini berjaý eden Darganata etrabynyň gallaçylary hem bar. Welaýatyň daýhan birleşikleriniň arasynda Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçylary döwlet tabşyrygyny ilkinji bolup berjaý etdiler we galla oragyny guramaçylykly dowam edýärler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak hem-de şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek çäreleriniň barşy barada hasabat berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bellenilýän Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.