Habarlar 2 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes saýylýan Oraza aýy mynasybetli gutlaglary alyşdylar we türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Resmi habar

Resmi habarlar

* * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Karar Nepesowiç Mämmedow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini Owganystandan gelen täjirler hem-de“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi Şweýsariýadan gelen söwdagärler satyn aldylar.BAE-den, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen işewürler reňksiz aýnalary we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň esaslandyran we 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlady.