Habarlar 21 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň düýbüniň tutulyş we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, örän baý tebigy serişdeleri okgunly özleşdirmek hem-de halkara ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamyny işjeň ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Balkan welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Oragyň gyzgalaňly döwründe meýdanlara kuwwatly kombaýnlaryň 152-si çykaryldy. Iki tapgyrda alnyp barylýan orakda her maşynyň öndürijiligi orulan meýdanyň 26 gektaryna baryp ýetýär. Her gije-gündizde dänäniň arassa agramynda 3 müň 500 tonnasy taýýarlanýar. “Gurat tehnika —üstünligiň girewi” diýip daýhanlar tötänden aýtmaýar. Mahlasy, ABŞ-dan we Germaniýadan satyn alnan kuwwatly we ýokary öndürijilikli “John Deere” we “CLAAS” kombaýnlary dolandyrmakdan amatlylygy bilen tapawutlanýarlar, bu bolsa oragyň ýeňil bolmadyk şertlerinde örän wajypdyr.