Habarlar 22 june 2018

Resmi habar

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Balkan welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Hazarýaka döwletleriniň sport baradaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemek, ýaş türgenleri taýýarlamak, mekdep okuwçylarynyň sport başarnyklaryny açmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek ...

Medeniýet

Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. Hepdeligiň milli öwüşginler çaýylan çäreleri Türkmenistanyň ýokary gazananlaryny, onuň parahatçylyga we ösüşe tarap okgunly hereketini, halkymyzyň ruhubelentligini we abadançylygyny alamatlandyrýar. Bu sungat forumy medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda, ozaly bilen bolsa türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de ýer ýüzünde wagyz etmek, döredijilik işgärleriniň ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň serişdelerini netijeli ulanmak, hususy ulgamyň ornuny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwletimiziň obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalary yzygiderli amala aşyrmagynyň netijesinde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna täze galla kombaýnlarynyň nobatdaky tapgyrynyň gelip gowuşmagy oba hojalyk tehniki parkynyň üstüni ýetirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Işewür ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Sizi Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!