Habarlar 25 june 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim galla oragynyň depgini hem-de ýene bir jogapkärli möwsüme — pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görlüşi, şol sanda hatarara bejergi hem-de ösüş suwuny tutmak, goşmaça iýmitlendirmek hem-de haşal otlardan arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çäreler barada hem habar berdi.

Ykdysadyýet

Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Taýýarlamagyň möçberi boýunça 36 müň 500 tonna töweregi bugdaý taýýarlap, Sakarçäge etraby, ozalkylar ýaly, statistik maglumatlarda ilkinji bolup barýar. Ikinji orunda taýýarlanan 34 müň tonna bugdaý bilen Garagum etrabynyň daýhan hojalyklary barýar. Baýramaly etraby öňdebaryjylaryň üçünjisi bolup, bu etrabyň ýer eýeleri Watanyň harmanyna 29 müň 800 tonna barabar ak bugdaý tabşyrdylar. Murgap etrabynda şondan az-owlak kemräk - 29 müň 100 tonna hasyl ýygnaldy.

Medeniýet

Medeniýet hepdeligi - 2018

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde guralan gyzykly wakalara baý boldy.

Resmi habar

Resmi habarlar

* * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiziň gutlag hatynda belleýşi ýaly, doganlyk türk halkynyň saýlawy Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar.