Habarlar 10 july 2018

Medeniýet

Türkmen gimnastikaçysy «Aziýanyň ýaňy» festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Festiwala Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan hem-de Russiýadan, Fransiýadan, Kanadadan, Wengriýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Wýetnamdan, Nikaraguadan we Efiopiýadan artistler gatnaşdylar. Festiwalyň abraýly eminler topary tarapyndan howa gimnastikasy görnüşinde ildeşimiz Liliana Ýusubowanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren täsin çykyşy aýratyn bellenildi. Bu çykyşy üçin oňa «Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünär ussatlygy» diýen baýrak gowşuryldy.

Jemgyýet

Ýaş işgärleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli işdir

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli Liderimiz 2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklady. Oňa okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni mirasynyň baýlaşmagynda sungatyň ähmiýeti barha ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taryhy hakyda, milli özboluşlylyk hem-de döredijilik ylhamynyň dowamatlylygy ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýetiniň binýadyny düzýän ýörelgelerdir.