Habarlar 13 july 2018

Ykdysadyýet

Haryt bolçulygy Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş syýasatynyň oňyn netijesidir

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda söwdada 7,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Hytaý oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Iş sapary Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň ýardam bermeginde döwlet baştutanynyň ýurduň oba senagat toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, oba hojalyk önümleriniň eksportuny artdyrmak we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurnaldy.

Jemgyýet

Ýomut tohum atlary ahal-teke bedewleriniň gadymy kowumdaşydyr

Swetlana MIRZOÝANS, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty

Geçen asyrda SSSR-de arassa ganly iňlis we don atlary bilen birlikde ahal-teke we ýomut bedewlei münülýän atlaryň sypatlaryny gowulandyrýan tohumlar diýlip ykrar edilipdi. 1945-nji ýylda dürli tohum atlaryny synap görmek üçin Moskwanyň aýlawynda bäş günläp 500 kilometrlik ýaryş geçirilipdi, onda 1937-nji ýylda doglan Tarlan atly ahal-teke bedewi ýeňiş gazanypdy.Ýomut tohumly aýgyrlar-- 1941-nji ýylda doglan dor at Parahat pellehana ikinji, 1940-njy ýylda doglan gyr at Garaguş üçünji bolup gelipdiler. Bu hem olaryň ajaýyp tohum atlardygyna şaýatlyk edýär. “Atşynaslyk boýunça maglumatnamada” ýomut atlary şeýle häsiýetlendirilýär: “ Münülýän goşulýan at görnüşli bedewiň bu gadymy tohumy häzirki Türkmenistanyň ...