Habarlar 14 july 2018

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we awtobenzini satyn aldylar. Ownuk däneli hlorly kaliý we karbamid (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) Türkiýeden we Owganystandan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük we mata ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Özbegistan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 10 million 620 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we BMG-nyň Azyk guramasy: hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Ýelena DOLGOWA

Taslamanyň çäklerinde döwletleriň hyzmatdaşlygy işleri ylalaşykly meýilleşdirmek, guraklyga garşy göreşde irki duýduryş ulgamlary işi, ýerleriň çölleşmegine garşy ylmy tärleri işläp taýýarlamak, oba hojalygyny howa ýagdaýyna görä durnukly ýöretmek, pudagara özara hereketi berkitmek, ýerli bileleşiklerde oýlanşykly ekologik ideýalary kemala getirmek ýörelgelerini öz içine alýan suw we ýer serişdelerini dolandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmek ýörelgesi esasynda gurlar. Onda köpsanly bölümçeli esasy dört ugur bolar. Taslamanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda - ösüş boýunça IKARDA agentligi bar, onuň işi zaýalanan ýerleri dikeltmäge gönükdirilendir.

Ykdysadyýet

Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy

Ýelena DOLGOWA

Ýurdumyzda gant şugundyry suwarymly 17 müň 900 gektar ýere ekilip, bellenilen 11 müň tonna şeker öndürmek üçin 220 müň tonnadan gowrak hasyl alnar. “Maryşeker” zawodynda çig mal gaýtadan işlenilmegi netjesinde azyklyk spirt alnar, önümçiligiň galyndysy oba hojalyk mallaryna iým hökmünde ugradylar. Sugundyr ekmek üçin meýdanlaryň çägi üýtgewsizligine galýar, ol ýurdumyzyň şeker önümçiligi üçin çig mal öndürmekde kärendeçiler bilen baglaşylýan döwlet tabşyrygynda göz öňünde tutulýar. Iş tabşyryjy- Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligidir, golaýda üýtgedilip guralan Azyk senagaty döwlet birleşiginiň kärhanalary hem önuň garamagyna berildi.