Habarlar 21 july 2018

Jemgyýet

Täze desgalar — milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň dabaralanmasy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň — “Awaza” şypahanasynyň hem-de akwaparkyň açylmagy bu ýerde halkara derejeli döwrebap deňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy. Ony döretmek başlangyjy bolsa döwlet Baştutanymyza degişlidir. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şunda dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin ähli şertleriň, hyzmatlaryň ýokary derejesiniň Awazada ýylyň bütin dowamynda kepillendirilendigini bellemelidiris. Muňa diňe bir türkmenistanlylar däl, daşary ýurtly myhmanlar hem ýokary baha berýärler.

Ykdysadyýet

Po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na açyl­dy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Da­ba­ra hö­kü­met ag­za­la­ry, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, şeý­le hem ne­bit­hi­mi­ýa­çy­la­ryň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry gat­naş­dy­lar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine

Sizi ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy, şol sanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şweýsariýanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýadan, Pakistandan, Owganystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplük, hojalyk pamygy, portlandsement, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 36 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy.