Habarlar 4 july 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Ykdysadyýet

Aşgabatda oba hojalyk önümçiliginde suw tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça iki günlük okuw geçirildi

Zeýnep AGAMÄMMEDOWA

Okuwa Oba we suw hojalyk ministrliginiň, onuň Ahal we Balkan welaýatlarynyň gurluş düzümleriniň wekilleri, “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Alymlar, gidromelioratorlar we bilermenler durli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde ekinler suwarylanda suwy 40-50 % tygşytlamaga mümkinçilik berýän, şol sanda töwerekleýin we frontal suwarmagyň usullary, sprinklerler we damjalaýyn suwaryş usullary barada gürrüň berdiler. Suwdan peýdalanmagyň we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň tehniki, hukuk we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habar

Medeniýet

Gözden geçirilişde görkezilen «Ürgenç kyssasy» oýny tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi

Tamara GLAZUNOWA

Owadan ýaş gyz zehinli mimar Gulgerdana duşýar, ol bu gözele gözi düşenden aşyk bolýar. Gyz: “Eger sen maňa dünýede taýsyz köşk gursaň, söýgüňe söýgi bilen jogap bereýin”-diýýär. Ussa bassyr üç bina gurýar, şonda-da Törebeg hanym sözünde durmaýar. Köşk taýyn bolansoňam ol: “Indi köşküň depesinden aşak bök” –diýýär. Ýetginjek muňa haýran galýar, ýöne aşygynyň erki şo bolsa, onam etmeden gaýry çäre ýok... Kül-owram bolan tenden onuň ruhy gidibimän durmuş diýýär. Jan beribilmän ýatan Gulgerdanyň çekýän jebirine döz gelmedik halaýyk biçäre aşyk panyny terk eder ýaly onuň bilen hoşlaşmagy gyzdan haýyş edýär. Törebeg hanym onuň ýanyna gelenden ol amanadyny tabşyrýar.

Ykdysadyýet

Türkmen ekerançylary ýewropa tejribesi bilen tanyşýarlar

Zeýnep AGAMÄMMEDOWA

Okuwy türkiýeli agronom-entomolog Mustafa Alkan geçirdi, ol bagbançylyk hojalyklarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen almanyň dürli görnüşlerini ýetişdirmegiň, olary suwarmagyň amatly düzgünleri, dökünleri ulanmak we kessellere hem-de zyýanly mör-möjeklere göreş barada tejribeler barada pikir alyşdy. Pikir alyşma hojalygy netijeli ýöretmegiň giň meselelerini öz içine aldy.

Resmi habar

Döwlet baştutany Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny bellemek barada resminamalara gol çekdi

Çary Kakamyradowiç Ataýewi Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleme-li.