Habarlar 5 july 2018

Ykdysadyýet

Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar

Wladimir KOMAROW

“Türkmensement” birleşiginde habar berlişine görä, şu ýyl senagat kärhanalary bu çig maly daşary ýurtlardan satyn almagy bes etdiler. Şu ýylyň 1-nji fewralynda “Çagyl” käninde demir magdany alnyp başlanany bäri pudagyň kärhanalarynyň ählisi zerur çig mal bilen islendik möçberde üpjün edilýär.

Ykdysadyýet

“Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwürleýin neşirde Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça ylmy-nazaryýet, syn-seljerme hem-de maglumat-düşündiriş makalalary çap edildi. Olaryň awtorlary belli türkmen alymlary we ýaş hünärmenler bolup durýar.

Resmi habar

Resmi habarlar

Degişli çäklerde jemagat hojalygy, jemagat hyzmatlary, abadanlaşdyrmak, arassaçylyk boýunça işleri amala aşyrmak wezipeleri welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda üstünlikli amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Muňa makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen bolsa, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artandygy şaýatlyk edýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny aýtmak isleýärin.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolan türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Gylyjow hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Satlykow S.B. hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Jemgyýet

«Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistana bagyşlanan ýörüte sany

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Neşir Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly-ösüşiň täze sepgitlerine” Halkara forumyndaky çykyşy bilen açylýar. Beýik Ýüpek ýoly beýik siwilizasiýalaryň iksiniň- Günbatar bilen Gündogaryň gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe boldy, şol yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelri esasynda jebisleşdirdi, özara düşünişmä we açyklyga ýardam etdi.