Habarlar 7 july 2018

Medeniýet

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Kerwenbaşynyň ogly» oýny goýuldy

Tamara GLAZUNOWA

Oýnuň baş gahrymany kerwenbaşy Garagumdaky ýol-ýodalaryň ählisine belet eken, ýöne garransoň işini goýmaly bolupdyr. Onsoň ol ogluny argyşa barýan inisiniň ýanyna goşýar.

Ykdysadyýet

Tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanada işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar

Wladimir KOMAROW

Gurluşygy alnyp barylýan gaz himiýasy toplumynda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasyndan alnan dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlaryny we tehnologiýalaryny oturtmak işleri tamamlanyp barýar we işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. “Türkmengaz” DK-nyň baglaşan şertnamasyna laýyklykda kärhananyň gurluşygyny «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) и «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi» (Тürkiýe) kompaniýalar konsorsiumy alyp barýar. Tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça tehnologik iş tebigy gazy çuňňur arassalamak, gaz, metanol sintezini we benzin almak hem-de onuň hilini has gowulandyrmak boýunça tehnologik enjamlar ulgamynyň gurluşygyny göz öňünde ...

Medeniýet

Marynyň welaýat drama teatrynda belli destan özboluşly sahnalaşdyryldy

Tamara GLAZUNOWA

Nusgawy şahyr Mollanepesiň ýazan “Zöhre-Tahyr” dessanynyň meşhurlygy Şekspiriň “Romeo we Julýetta” tragediýasyndan pes däl. Eseriň kynlygyna we onuň gözden geçirilişe hödürlenýändigine garamazdan režissýor esasay keşpleri ýaş aktýorlar G. Annahanowa bilen M. Bekmyradowa ynanmakdan çekinmändir, olar aşyk-magşuklaryň keşbini çeper beýan etmegiň hötdesinden gelipdirler. Aktýorlaryň sazlaşykly oýny, režissýoryň jüpüne düşen çözgütleri sahna eseriniň şowly çykmagyna getirdi.

Ykdysadyýet

“Türkmenistanyň senagaty” žurnalynyň ilkinji sany

Pudaklaýyn neşirler degişli ulgamda durmuşa geçirilýän döwrebap işleri, täzelikleri beýan edip, döwlet syýasatyny halk köpçüligine ýetirýärler. Ilkinji sany okyjylara gowşan “Türkmenistanyň senagaty” ylmy-tehniki žurnaly-da hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyny özüne ýol-ýörelge edinip, ýurdumyzyň senagat ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri beýan eder.

Medeniýet

«Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi

Bu çäre iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň özboluşly dowamyna öwrüldi hem-de ilatyň ünsüni ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijiligine çekdi. Festiwalyň çäklerinde görkezilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň esasynda sahnalaşdyrylan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogaryň ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly oýun tomaşaçylary gadymy söwda ýolunyň taryhy hem-de onuň häzirki zaman dünýäniň kemala gelmegine täsiri bilen tanyşdyrdy.

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit ýol bitumyny we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Ermenistandan, Özbegistandan, Ukrainadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 463 müň dollaryndan gowrak boldy.