Habarlar 9 july 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Milli Liderimiz ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini jemleýän welosiped ýörişlerini geçirmek boýunça ajaýyp däbiň başyny başlady. Sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça geçirilýän ägirt uly işler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Medeniýet

«Miras» žurnaly: milli medeni miras wagyz edilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

“Miras” žurnalynda türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çap edilýän makalalar Türkmenistanyň taryh ylmynyň umumy kanunalaýyklygyny we ösüşini, bu ugurda dünýä ylmynyň gazananlaryny şöhlelendirýär.

Sport

Türkmen dzýudoçylary Hytaýyň Taýbeýinde geçirilen ýaryşda iki medaly eýelediler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

90 kilograma çenli agram derejede Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi Tejen Tejenow altyn medaly eýeledi. Bu üstünlige barýan ýolda biziň türgenimiz bäsleşikleriň üç tapgyryny geçdi. Çärýek finalda türkmenistanly türgen bir minutdan hem az wagtda Koreýa Respublikasyndan gelen dzýudoçyny ýeňmegi başardy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.