Habarlar 1 august 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salamyny we türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Gazagystan bilen biziň ýurdumyzy ozaldan gelýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar we häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Teswirlemeler

Türkmen-owgan gatnaşyklary dost-doganlyk goldawy arkaly rowaçlanýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Geçen hepdede goňşy ýurduň Bathyz welaýatynda gurlan Rabatkaşaň —Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde ugratmagyň täze ugruny emele getirdi. Goşmaça elektrik beketleriniň we düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberi has-da artar. OYR-nyň Bathyz welaýatynyň häkimi Abdul Gafur Malikzaý milli Liderimize iberen hatynda bu taslamanyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyza owgan halkyna berýän kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.