Habarlar 2 august 2018

Resmi habar

Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

Lebap welaýatynda gury gips garyndylaryny we gipsokarton çykarýan zawod gurulýar

Berdimyrat JUMAÝEW

Gips daşlarynyň baý känleri täze önümçilik üçin çig mal bolar. Ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton we 100 müň tonna gury gips garyndylaryny çykarmaga niýetlenen zawody döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri çykarmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Gurluşygy indiki ýylyň ahyryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Jemgyýet

Garagum çöli – özboluşly bioulgam we tebigy gözellikdir

Ýelena DOLGOWA

Çöle bir gezek baryp gören adamýň göwni hemişe jöwzaly ürgün çägeli dym-dyrslygy islär, bu ýerde janly-jandarlar diňe gijelerine herekete gelýärler. Garagum çägeleriniň tämizleýän gum howasyny ýatlanyňda duzly şemllaryň, çöl ösümlikleriniň ajymtyk ysy, az sanly mawy köllerde biten gamyşlaryň ygşyldysy ýada düşýär. Merkezi Garagumda üç-gyraksyz gum depeleri ýaýylyp ýatyr. Sarygamyş, Zeňňi baba we beýleki kölleriň töweregindäki göýdük ösümlikler demirgazyk çöllüge mahsusdyr. Bu ýerde şorlaşan ýerlerden soň özboluşly çöl jeňňeliklerini döredýän başy seleňläp duran ojarlar ösüp oturandyr.