Habarlar 4 august 2018

Ykdysadyýet

Tebigy gaz YBI-niň hünärmenleri hereket edýän we gurulýan desgalarda ekologiýa gözegçiligini geçirýärler

Wladimir KOMAROW

Bölümiň işläp gelýän döwründen (2001-nji ýyldan) bäri “Türkmengaz” Döwlet konserniniň gaz çykaryjy kärhanalary üçin tebigaty goraýyş taslamalarynyň ýüzden gowragy ýerine ýetirildi, ekologiýa pasportlary berildi. Bölümde işlenilip taýýarlanylan howa goýberilýän zyýanly maddalaryň we akdyrylýan hapa suwlaryň ýol berilýän möçberi Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetinde ekspertizadan üstünlikli geçýär.

Resmi habar

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na gy­nanç bil­dir­di

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti şu agyr pur­sat­da ýur­du­my­zyň Hö­kü­me­ti­niň we hal­ky­nyň adyn­dan hem-de hut öz adyn­dan gur­ban bo­lan­la­ryň do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na hem-de ýa­kyn­la­ry­na, şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň äh­li hal­ky­na ýü­rek­den gy­nan­jy­ny we me­det be­ri­ji söz­le­ri­ni be­ýan et­di.

Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britaniýadan, BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 280 müň dollaryndan gowrak boldy.