Habarlar 9 august 2018

Amul-Hazar 2018

«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Me­dia­fo­rum ýa­ryş­la­ry be­ýan et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni ral­li­niň gu­ra­ly­şy bo­ýun­ça çä­re­le­ri ta­nyş­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gel­je­gi uly sport we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ýur­du­my­za hal­ka­ra met­bu­ga­tyň ün­sü­ni çek­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­ler hem-de ti­gir­li teh­ni­ka­lar bu ýo­luň tä­ze we­zi­pe­si­ni äş­gär eder. Şol teh­ni­ka­lar bol­sa 1500 ki­lo­metr ara­ly­gy geç­me­li bo­lar­lar. El­bet­de, ...

Wakalaryň jümmüşinde

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň şä­her­gur­lu­şy­gy bi­len ta­nyş­dy we Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­na ug­ra­dy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan ýol­da mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan şä­her­gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy­ny syn­la­dy we Ata­my­rat Ny­ýa­zow hem-de Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy kö­çe­le­ri­niň çat­ry­gyn­da aýak çek­di. Şol ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ka­şaň “Ga­ra­gum” myh­man­ha­na­sy gur­lar.

Hyzmatdaşlyk

Aktau Sammiti Hazar sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir

Gözel ORAZDURDYÝEWA, Tähran konwensiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça milli işgär

Şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň bäşinji Sammiti geçiriler. Duşuşygyň barşynda Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar. 20-nji iýulda Moskwada serhetüsti jähtden Daşky gurşawa täsire baha bermek boýunça teswirnama gol çekildi. Ol Tähran konwensiýasyna kabul edilen dördünji ekologiýa teswirnamasy boldy. Ony Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň ygtyýarly wekilleri bilelikde Konwesiýanyň sekretariaty işläp taýýarlady.