Iň soňky habarlar

Küştdepdi taryhy-medeni däpleri beýan edýän tansdyr

MEDENIÝET   / 10.12.2017

Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli „Küştdepdi“ aýdym we tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilendigini habar berdi we watandaşlarymyzy şu waka bilen gutlady. Bu çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde ...

Halkara sport ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi

JEMGYÝET   / 09.12.2017

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dekabryň başynda bolup geçen halkara ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli netijeleri görkezen türgenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak dabarasyna Sport baradaky döwlet komitetiniň birnäçe degişli edaralarynyň, DIM-iň wekilleri, Milli ...

Birža söwdalarynda eksport geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 97 million dollaryna golaý boldy

YKDYSADÝET   / 09.12.2017

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Latwiýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasiýa ...

Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

YKDYSADÝET   / 08.12.2017

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri ...

Türkmenistanda Ýeri uzak aralykdan barlamak üçin emeli hemra uçurmak göz öňünde tutulýar

YKDYSADÝET   / 08.12.2017

Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulylar Geňeşinde kabul edilen 2018-2024-nji ýyllara Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge we onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat serişde gönükdiriler. Bu serişdelere uzak aralykdan Ýeri ...

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär

Türkmen demirýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama badalga berdi hem-de Owganystany Türkmenistanyň, onuň ...

Halkara bilermeni Igor Gurkow Döwlet gullugy akademiýasynda strategik menejment boýunça umumy sapaklar tapgyryny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerindeykdysady ylymlaryň doktory, Russiýa Federasiýasynyň „Ykdysadyýet ýokary mekdebi“ Milli ylmy-barlag Uniwersitetiniň professory, strategiki menejment ulgamynda ...

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri: döredijiligiň şatlygy

MEDENIÝET   / 06.12.2017

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik forumy iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrüldi. Ol dabara gatnaşyjylara birnäçe ýakymly pursatlary eçildi hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmaga ...

Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna itergi berýär

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň bilelikdäki 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ykdysadyýet, ylym we barlag federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessigiň baştutanlygyndaky Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýokary wezipeli ...

Tanymal pianinoçy Rozwita Lomeriň aşgabatly saz muşdaklaryna sowgady

MEDENIÝET   / 05.12.2017

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly- drama teatrynda germaniýaly pianinoçy Rozwita Lomeriň we Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky „Mukam“ skripkaçylar ansambylynyň Roždestwo konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Germaniýanyň Ilçihanasynyň roždestwo konsertlerini guramak boýunça çäresi indi asylly däbe öwrüldi. - Roždestwo ...

Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar

MEDENIÝET   / 05.12.2017

Ynsanperwer gatnaşyklar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýip Ärdogan tarapyndan özara ynam we düşünişmek esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine onuň ...

Solmaz Muhammedowa: kynçylyklary ýeňip arzuwyna ýeten

MEDENIÝET   / 04.12.2017

Türkmenistanyň halk nakgaşy Solmaz Muhammedowa öz 65 ýaşyny kärdeşleriniň we döredijiliginiň muşdaklarynyň arasynda garşylady. Zehinli keramikaçynyň özbaşdak ýubileý sergisi diňe bir onuň üýtgeşik nepis eserlerine däl, eýsem özboluşly nakgaşyň şahsyýetine hem gyzyklanma döretdi. Solmazyň asly artistler maşgalasyndan. Onuň ata-enesi TSDI-nyň ...

Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Awstriýanyň döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk serişdeleri önümçiligi, ýol gurluşygy, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, programma üpjünçiligi ulgamlarynda ...

TÜRKMENISTANA HOŞ GELDIŇIZ

Türkmen tebigaty özboluşly gözelligi bilen haýran edýär

25.07.2017

Ulydepe gaýasynyň günbatar çetindäki Sekizýap we Germap jülgelerinden Şarlawuk derýajygyndan Arçabiljik we Gökderejik aryklarynyň aşak ýerleri syýahatçylyk edilýän ýerleridir. Olar gezende syýahatçylaryň halaýan ýerleridir, çünki o taýda işjeň durmuş ýörelgesine höweseklere ýaraýjak zatlaryň ählisi—kiçeňräk depelerdir barmasy kyn gaýalar, ...

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabyndaky Allamberdar we Astanababa aramgählerine ýudumyzyň çar künjeginden zyýarata gelinýärler

06.03.2017

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda ýerleşýän Allamberdar aramgähine ýerli ilat Allamberdaryň ýa-da Allamdar tugçynyň mazary diýýär. Çeşmeleriň habar bermegine görä, bu ýerde 1204-nji ýylda duşman elinden wepat bolan Samanileriň soňky hökümdary Allamberdar diýlip atlandyrylan ...

Gadymy Dargangalasy Horezm Türkmen - seljuklar döwletiniň düzümine geçenden soň abadançylyk ýoluna düşüpdir

03.03.2017

Bu arheologik ýadygärlik Lebap welaýatynyň Birata etrabynda Daşoguz welaýatynyň golaýynda ýerleşýär. Adybir şäherçeden 4,5 kilometr daşlykdaky bu gala 8 gektar meýdany tutýar. Dargangala VII-VIII asyrlara degişlidir, onuň ýerli ilat arasyndaky ady “Köne galadyr”. Ol Amyderýanyň aýagynda Merkezi ...

Daýahatyn binagärlik ýadygärligi - Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir

31.01.2017

Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň-aýlawly örümleri, güberçekleri we ...

Pederlerimiziň dag gaýalarynyň içinde gazan guýylary Köýtendagyň gözel ýerleriniň biridir

23.01.2017

Köýtendagyň belent gaýalarynda gadymdan galan üç guýy bar. Jöwzaly yssyda olaryň arassa sowuk suwundan teşneligiňi gandyranyňda daşlaryň arasynda şeýle guýy gazanlaryň ussatlygyna „Aperin“ diýýärsiň. Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag diňe bir ençeme millionlarça ýyllaryň dowamynda kemala gelen ...

Lebap welaýaty: senagat merkezi, ruhy gymmatlyklaryň we tebigatyň merjen ýadygärlikleriniň jemlenen ýeridir

19.01.2017

Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan deňsiz-taýsyz atly ýörüş dowam edýär. Türkmen ýigitleri Türkmenistanyň gadymy topragynyň gündogar bölegi Lebap welaýatyna gadam basdylar. Bu toprak dinozawrlaryň aýak yzlarynyň we birgeňsi daş gowaklaryň, ajaýyp jülgeleriň, ...