Iň soňky habarlar

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar

YKDYSADÝET   / 20.07.2017

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ygtyýaryna döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň gelmegi dowam edýär. Ine, täze ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda ýurdumyza “John Deere 8245R” sürüm traktorlarynyň, şeýle hem bütin dünýä meşhur “CLAAS” maşyngurluşyk kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) “AXOS 340 CX” köpugurly traktorlarynyň birinji tapgyry gelip gowuşdy. Täze oba hojalyk maşynlaryny garşylamak dabarasyna ...

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany

JEMGYÝET   / 19.07.2017

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň arhiw işiniň ösüşine goldaw bermek, bu ulgamda gazanylanlary giňden beýan etmek bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi. Žurnalda ýurdumyzyň durmuşynda bolup ...

Türkmenistan - ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady. Maslahatda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky ...

Türkmen hünärmenleri deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmagy öwrenýärler

Aşgabatda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly okuw tapgyry dowam edýär, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen hyzmatdaşlykda ...

Türkmenistan — BMGÖM: adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer ...

Halkara umman instituty Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleri üçin Aşgabatda okuw geçirýär

Türkmen paýtagtynda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly 5 günlük okuw geçirilýär, ony Halkara umman instituty (International Ocean Institute - IOI) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraýar. Ähli Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri, ...

Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

YKDYSADÝET   / 15.07.2017

Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň tehnika önümleriniň birnäçesini satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt ...

Döwlet muzeýinde ekerançylyk däplerine bagyşlanan sergi öz işine başlady

MEDENIÝET   / 15.07.2017

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda “Ak bugdaýyň mekany” atly sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylara asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşylandy we olar saçak başyna çagyryldy. Myhmanlaryň türkmen çöregi, pişme, külçe ýaly milli tagamlar hödürlenildi. Sergä ...

Paýtagtymyzda ýol-ulag mümkinçilikleri ýokarlanýar

JEMGYÝET   / 15.07.2017

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen utgaşdy. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýän täze köçe açyldy. Onuň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk serişdeleri işjeň peýdalanyldy. Umumy uzynlygy 4 müň metrden gowrak bolan bu ýoluň gurluşygy häzirki zaman talaplaryna we halkara ölçeglerine doly ...

Paýtagtymyzda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy

JEMGYÝET   / 15.07.2017

Paýtagtymyzyň Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan esaslandyrylan bu bank maliýe ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän döwründe möhüm serişdeleriň birine öwrüldi. 10 gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 4430 inedördül metr ...

Paýtagtymyzyň täze Parahat-7 etrapçasynda jemi 800 orunlyk birbada bäş sany çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy

JEMGYÝET   / 15.07.2017

Şu gün ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy. Şanly waka ...

Paýtagtymyzda birbada 2 müň 540 maşgala täze öýleriň açarlary gowşuryldy

JEMGYÝET   / 15.07.2017

Şu gün täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup ulanmaga berildi. Bu ýerde ýurdumyzyň Senagatylar we telekeçiler birleşmesiniň “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik guramasynyň ...

2017-nji ýylyň giriş möwsümi: täze mümkinçilikler, ýakyn perspektiwalar

YLYM   / 15.07.2017

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Däp bolşy ýaly, 2017-2018-nji okuw ýylynda hem täze ýokary okuw mekdebi açyldy. Paýtagtymyzyň Abadan etrabynda Jemagat hojalygy instituty ilkinj talyplaryna gapysyny giňden açar, ol bu pudaga gerekli hünärmenleri taýýarlar. Häzirki ...

TÜRKMENISTANAN HOŞ GELDIŇIZ

Gadymy Dargangalasy Horezm Türkmen - seljuklar döwletiniň düzümine geçenden soň abadançylyk ýoluna düşüpdir

03.03.2017

Bu arheologik ýadygärlik Lebap welaýatynyň Birata etrabynda Daşoguz welaýatynyň golaýynda ýerleşýär. Adybir şäherçeden 4,5 kilometr daşlykdaky bu gala 8 gektar meýdany tutýar. Dargangala VII-VIII asyrlara degişlidir, onuň ýerli ilat arasyndaky ady “Köne galadyr”. Ol Amyderýanyň aýagynda Merkezi ...

Daýahatyn binagärlik ýadygärligi - Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir

31.01.2017

Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň-aýlawly örümleri, güberçekleri we ...

Pederlerimiziň dag gaýalarynyň içinde gazan guýylary Köýtendagyň gözel ýerleriniň biridir

23.01.2017

Köýtendagyň belent gaýalarynda gadymdan galan üç guýy bar. Jöwzaly yssyda olaryň arassa sowuk suwundan teşneligiňi gandyranyňda daşlaryň arasynda şeýle guýy gazanlaryň ussatlygyna „Aperin“ diýýärsiň. Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag diňe bir ençeme millionlarça ýyllaryň dowamynda kemala gelen ...

Lebap welaýaty: senagat merkezi, ruhy gymmatlyklaryň we tebigatyň merjen ýadygärlikleriniň jemlenen ýeridir

19.01.2017

Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan deňsiz-taýsyz atly ýörüş dowam edýär. Türkmen ýigitleri Türkmenistanyň gadymy topragynyň gündogar bölegi Lebap welaýatyna gadam basdylar. Bu toprak dinozawrlaryň aýak yzlarynyň we birgeňsi daş gowaklaryň, ajaýyp jülgeleriň, ...

Laý wulkanlary (patlawuklar)—Zeminiň dirilik demidir

05.07.2016

Gojaman Hazaryň kenary... Owadan jülgelerdir dag etekleri alysda galdy. Güwwüldili şaglawuklardyr çeşmeler çöldäki salgym deýin ýitip gitdi. Arçadyr bahar gülleri bilen gözel görke giren kert gaýalar-da indi göze ilmeýärdi. Käte bir ho-ol alysda deňiz inçejik zolak bolup görünýär diýäýmeseň, daş-töweregiň ýüzlerçe kilometre uzap ýatan birmeňzeş ...

Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesi. Onuň binagärlik ajaýyplyklary yslam däp-dessurlarynyň ählisini

01.07.2016

Aşgabatdan 480 km demirgazykda Amyderýanyň gadymy akymynyň golaýynda, iki sany möhüm kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde: gündogara, Hytaýa, we günortadan -demirgazyk günbatara, Wolga derýasyna, beýik Ýüpek ýolunyň iri şäherleriniň biri bolan Köneürgenç ýerleşýär. Onuň taryhy ...