Iň soňky habarlar

Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri görkezildi

MEDENIÝET   / 23.06.2017

Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri, kinofilmler görkezildi hem-de konsertler guraldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabarada şu gezekki gözden geçirilişiniň milli sungatymyzy giňden wagyz etmek, ýaş türkmenistanlylary watançylyk ruhunda terbiýelemek ...

Türkmen gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” ýaryşynda gazanan bäş medaly

SPORT   / 23.06.2017

Türkmen türgeni Dominika Reýmer çeper gimnastika boýunça 10 ýaşa çenli çagalaryň toparynda “Singapor Open” 14-nji halkara ýaryşynyň barşynda üç altyn we iki kümüş medaly eýelemegi başardy. Bu ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100-e golaý türgen gatnaşdy. Biziň ildeşimiz ýüpli bökmekde, köp görnüşli ýaryşlarda we esbapsyz çykyş etmekde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. ...

Paýtagtymyzyň taksi ulaglary Aziada-2017-niň nyşanlaryna beslendi

JEMGYÝET   / 23.06.2017

Uly sport baýramynyň –Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – Aziada-2017-niň nyşanlary Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän Koreýa Respublikasynda öndürilen, dünýä belli “Hyundai” kysymly ýeňil awtoulagy bolan taksileriň daşky keşbini bezedi. Türkmen paýtagtynyň ýollarynda özüni oňat taýdan görkezýän bu ...

Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda demir ýol wokzalynyň täze binasy guruldy

JEMGYÝET   / 23.06.2017

Onuň açylyş dabarasyna etrap we welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Demir ýol ulaglary ministrliginiň dürli bölümleriniň işgärleri, etrap merkeziniň ilaty gatnaşdylar. Dabarada Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek jähtinden täze binanyň ähmiýetiniň ...

Türkmenistanyň orta asyr arheologiýa ýadygärlikleriniň elektron kartasy döredildi

MEDENIÝET   / 23.06.2017

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň GIS-laboratoriýasynyň işläp taýýarlaýan täzelikleriniň biri-syýahatçylyk ugurlarynyň elektron kartasydyr. Bu iş Taryh institutynyň alymlary bilen bilelikde alnyp barylýar, olar özboluşly gadymy we orta asyrlar ýadygärlikleri barada takyk maglumatlar berdiler. Şu ýyldan ...

Dünýäniň absolýut çempiony Konstantin Szýu –boks boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň hormatly myhmany

SPORT   / 22.06.2017

Şu günler Aşgabatda boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 120-ä golaý türgen gatnaşýar. Şu gezekki ýaryşlar aýratyn ähmiýetlileriň hataryna girer, sebäbi hormatly myhmanlaryň arasynda belli türgen, dünýäniň absolýut çempiony Konstantin ...

Aşgabatda Medeniýet hepdeligi-2017 badalga aldy

MEDENIÝET   / 22.06.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanýan giň gerimli çäre türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ...

Gara sazaklyklar Garagumyň ekologiýa ulgamynda möhüm ähmiýete eýedir

YLYM   / 22.06.2017

Garagumyň Üňüz aňyrsynyň günbatar bölegi we „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň golaýyndaky Gaplaňgyr düzlügi türkmen tebigatynyň geň-enaýy ýerleriniň biridir. Malýap bilen Türkmen kölüniň esasy zeýkeşine guýýa Daşoguz golunyň arasyndaky tebigatyň näzik we syrly dünýäsine syn edeniňde çölüň parahat durmuşyna ...

Aşgabatly maşgalalaryň 230-dan gowragy „Parahat-7/4' jaşaýyş jaý toplumynda täze öýlere göçüp bardylar

JEMGYÝET   / 22.06.2017

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň altysy ulanmaga berildi.“Parahat-7“ etrapçasy döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň we ony dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmäge niýetlenen ...

“Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady

YKDYSADÝET   / 21.06.2017

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady. Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 80-den gowrak kompaniýalar döwlet we hususy kärhanalary öz tekliplerini, netijeli işläp taýýarlamalaryny, täzeçil usullaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de hyzmatlaryny görkezdiler. Olaryň köpüsiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ...

Türkmenistanyň DIM-de BMG bilen hyzmatdaşlyk babatyndaky duşuşyk

Daşary işler ministrliginde “Birleşen Milletler Guramasy-Merkezi Aziýa: sebitleýin gatnaşyklary giňeltmegiň taryhy, ykdysady we durmuş ugurlary” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ý.Panowa, ...

Köpugurly sergide türkmen bazarynyň geljegi görkezildi

YKDYSADÝET   / 20.06.2017

Paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi açyldy. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezýär. Sergide 80-den gowrak kompaniýalar, döwlet we hususy kärhanalar, şol sanda 20 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 56-sy öz önümlerini hödürleýär. Köpsanly bölümler ...

Jahan HANOWA: zehin filosofiýasy

MEDENIÝET   / 20.06.2017

Jahan Hanowanyň döredijilgi bilen ilki tanşanyňdan olary dünýä filosofik nukdaý-nazardan garaýan nakgaşyň döredenligi barada pikir edýärsiň. Žiwopis sungatynyň muşdaklary onuň natýurmort çekmekde taýsyz ussatlygyny dessine ykrar etdiler. Jahan Hanowa adaty zatlardanam özboluşly kompozisiýa döredip, ony reňkleriň syrly jadysyna salmagy başarýar. Özem onuň suratlary üýtgeşik, ...

TÜRKMENISTANAN HOŞ GELDIŇIZ

Gadymy Dargangalasy Horezm Türkmen - seljuklar döwletiniň düzümine geçenden soň abadançylyk ýoluna düşüpdir

03.03.2017

Bu arheologik ýadygärlik Lebap welaýatynyň Birata etrabynda Daşoguz welaýatynyň golaýynda ýerleşýär. Adybir şäherçeden 4,5 kilometr daşlykdaky bu gala 8 gektar meýdany tutýar. Dargangala VII-VIII asyrlara degişlidir, onuň ýerli ilat arasyndaky ady “Köne galadyr”. Ol Amyderýanyň aýagynda Merkezi ...

Daýahatyn binagärlik ýadygärligi - Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir

31.01.2017

Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň-aýlawly örümleri, güberçekleri we ...

Pederlerimiziň dag gaýalarynyň içinde gazan guýylary Köýtendagyň gözel ýerleriniň biridir

23.01.2017

Köýtendagyň belent gaýalarynda gadymdan galan üç guýy bar. Jöwzaly yssyda olaryň arassa sowuk suwundan teşneligiňi gandyranyňda daşlaryň arasynda şeýle guýy gazanlaryň ussatlygyna „Aperin“ diýýärsiň. Ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag diňe bir ençeme millionlarça ýyllaryň dowamynda kemala gelen ...

Lebap welaýaty: senagat merkezi, ruhy gymmatlyklaryň we tebigatyň merjen ýadygärlikleriniň jemlenen ýeridir

19.01.2017

Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan deňsiz-taýsyz atly ýörüş dowam edýär. Türkmen ýigitleri Türkmenistanyň gadymy topragynyň gündogar bölegi Lebap welaýatyna gadam basdylar. Bu toprak dinozawrlaryň aýak yzlarynyň we birgeňsi daş gowaklaryň, ajaýyp jülgeleriň, ...

Laý wulkanlary (patlawuklar)—Zeminiň dirilik demidir

05.07.2016

Gojaman Hazaryň kenary... Owadan jülgelerdir dag etekleri alysda galdy. Güwwüldili şaglawuklardyr çeşmeler çöldäki salgym deýin ýitip gitdi. Arçadyr bahar gülleri bilen gözel görke giren kert gaýalar-da indi göze ilmeýärdi. Käte bir ho-ol alysda deňiz inçejik zolak bolup görünýär diýäýmeseň, daş-töweregiň ýüzlerçe kilometre uzap ýatan birmeňzeş ...

Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesi. Onuň binagärlik ajaýyplyklary yslam däp-dessurlarynyň ählisini

01.07.2016

Aşgabatdan 480 km demirgazykda Amyderýanyň gadymy akymynyň golaýynda, iki sany möhüm kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde: gündogara, Hytaýa, we günortadan -demirgazyk günbatara, Wolga derýasyna, beýik Ýüpek ýolunyň iri şäherleriniň biri bolan Köneürgenç ýerleşýär. Onuň taryhy ...