Iň soňky habarlar

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda türkmen-amerikan işewür geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi. Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň “Westport Trading Europe”, “Oхbow Sulphur”, “General ...

Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: ösüşiň täze ugurlary

JEMGYÝET   / 14.12.2017

Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ugry, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” pudaklaýyn jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Onuň nobatdaky sany täze ýokary okuw mekdebiniň – Jemagat hojalygy instituty baradaky makala bilen açylýar. Institutyň şäherçesi her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler ...

Taglymlaryň arkalaşygy: mirasy gorap saklamak – geljegiň binýadyny berkitmek

GDA döwletleriniň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII Forumynyň ikinji güni oňa gatnaşyjylar, şol sanda Türkmenistandan wekilleri üçin diňe bir ýurtlaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin däl-de, medeniýet, ylym we bilim, jemgyýetçilik birleşikleriniň, işewürligiň hem-de häkimiýet edaralarynyň arasynda ...

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti

MEDENIÝET   / 12.12.2017

Şu gün paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we ...

Mekdebara döredijilik gözden geçirilişi daşary ýurt dillerine ökdeleri kesgitledi

YLYM   / 12.12.2017

Aşgabatda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanylyp mekdebara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Çäräni Bilim ministrlige we onuň paýtagt müdirligi gurnadylar. Döredijlik çäresiniň aýratynlygy onda aýdymlaryň ählisiniň daşary ýurt-iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon we fransuz dillerinde ýerine ýetirilmegidir. Festiwala Aşgabadyň orta ...

Seulda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli brifing geçirildi

Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanylyp geçirilen brifinge Koreýa Respublikasynyň döwlet, jemgyýetçilik we telekeçilik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda parahatçylygy we durnuklylygy saklap galmakda bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine, içeri we daşary syýasatyň esaslary, depginli ösüşiň faktory ...

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri jemlenildi

SPORT   / 12.12.2017

Aşgabatda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda skaýranning boýunça ýaryşlar tamamlandy. Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň ugry boýunça ýaryşlaryň jemleýji tapgyry geçirildi, ol Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” alpinistrler kluby tarapyndan “belentlikde bäsleşikler” ugry boýunça Saglyk ýolunda Halkara ...

Ýurdumyzyň täze raýatlaryna pasportlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

JEMGYÝET   / 11.12.2017

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli ...

Ýurdumyz boýunça Halkara bitaraplyk güni mynasybetli binagärlik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy

JEMGYÝET   / 11.12.2017

Şanly senäniň hormatyna täze binalaryň birnäçesini birbada ulanyşa bermek babatdaky asylly däp Türkmenistanyň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelilidigine ynamly şaýatlyk edýär. Täze binalaryň baýramçylyk öwüşginliklerine beslenen, ruhlandyryjy aýdym-sazlar ýaňlanýan çäklerinde tans ansambllaryndan, estrada ...

Ýörite gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ýok edildi

JEMGYÝET   / 11.12.2017

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde geçiren birnäçe gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy toparyň ...

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ...

GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy

Russiýanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy, oňa Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ...

Küştdepdi taryhy-medeni däpleri beýan edýän tansdyr

MEDENIÝET   / 10.12.2017

Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli „Küştdepdi“ aýdym we tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilendigini habar berdi we watandaşlarymyzy şu waka bilen gutlady. Bu çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça ...