Iň soňky habarlar

Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde gök-miwe önümleri saklanylýan iri sowadyjy toplum guruldy

YKDYSADYÝET   / 24.05.2018

Türkmenabat şäheriniň günortasynda birbada 3 müň tonna gök-miwe önümleri saklanylýan sowadyjy toplum işe girizilmäge taýýarlanylýar. “Lebapmiwe” welaýat obasenagat birleşiginde habar berlişine görä, täze desganyň gurluşyk-oturtma we işe goýberiş- sazlaýyş işleri umuman tamamlandy, eýýäm iýun aýynda ...

“Altyn asyr” topary - AFK 2018-iň kiçi Kubogynyň eýesi

SPORT   / 23.05.2018

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherinde (Malaýziýa) ýerleşýän ştab-kwartirasynda AFK 2018 Kubogynyň zonal ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. “D” toparçanyň, şeýle hem “Merkezi zolakda” ýeňiji Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol toparyna ýakynda Aşgabatda iş sapary bilen bolan, ...

Türkmenistan ählumumy maglumatlar ulgamyna goşulýar

Ýakynda «Russia Today» halkara teleýaýlymynyň topary Türkmenistanda boldy. Munuň özi türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly sapara öwrüldi. Russiýaly žurnalistleriň pikirine görä, häzirki döwürde bu ugruň uly geljegi bardyr. Soňky ýyllarda biziň ...

“Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi - sebitiň ýük akymlarynyň “altyn halkasy”

YKDYSADYÝET   / 23.05.2018

Nobatdaky konteýner ýük düzümi Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça menzil aşdy - 9-njy maýda günebakar tohumynyň 1150 tonnasy ýüklenen ýük düzümi HHR-iň demirgazygynda ýerleşýän Baýan-Nur şäherinden çykdy we “Demirgazyk - Günorta” ulag geçelgesi boýunça ugrady. Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň ...


Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy

YKDYSADYÝET   / 23.05.2018

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy ...

Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyk

Şu gün Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Söhbetdeşligiň barşynda myhman şu ýylyň martynda geçirilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty bilen baglanyşyklylykda Garaşsyz, Bitarap ...

Türkmenistanly we italiýaly aýdymçy-sazandalar Rossininiň eserlerini ýerine ýetirdiler

MEDENIÝET   / 20.05.2018

Şu ýyl opera sungatynyň ussatlarynyň biri, 19 asyr ýewropa saz medeniýetiniň ösüşine güýçli täsir eden italian kompozitory Joakkino Rossininiň aradan çykanyna 150 ýyl dolýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň guran bilelikdäki konserti kompozitoryň ýagty ýadygärligine ...

Sagdynlyk - ruhubelentlik

JEMGYÝET   / 20.05.2018

Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça ...

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň topary Hytaýda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijisi

SPORT   / 19.05.2018

Pekin uniwersitetiniň sport toplumynda Hytaý Halk Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärleriniň arasynda her ýyl geçirilýän 22-nji futbol ýaryşy boldy. Çäräni HHR-yň Daşary işler ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport batradaky baş ...

Birža täzelikleri

YKDYSADYÝET   / 19.05.2018

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler we beýlekiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ...

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň agyr atletika sport mekdebi pälwanlary taýýarlaýan merkez hasaplanýar

SPORT   / 19.05.2018

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginde ýerleşýän sport mekdebi tanymallyga ýeten agyr atletikaçylaryň ençemesini taýýarlady. Golaýda onuň okuwçylarynyň biri, ýaş ştangaçy Reýimbergen Jumaýew halkara ýaryşynda şowly çykyş edip, milli ýygyndy topara dalaşgär boldy. Mekdebiň beýleki ...

Döwletliler köşgündäki baýramçylyk dabarasy

JEMGYÝET   / 18.05.2018

Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar. Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada hemmetaraplaýyn alada etmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda körpeleriň ...