DHÇMB-niň söwdalarynda pagta önümleri esasy haryt boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tüýjümek önümler, nah mata we ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 325 müň manatlykdan gowrak pagta-süýümi we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.