Döwlet gümrük gullugy: hünäre ussatlyk we ýokary tehnologiýalar

Suratda: Hasan MAGADOW

Paýtagtymyzyň demirgazygyndaky aýlaw ýoluň ugrunda Döwlet gümrük gullugynyň üç ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen binalar toplumy ýerleşýär, onda Aşgabat gümrükhanasynyň edara binasy, ammarlary bolan merkezi terminal, şeýle hem myhmanhana, naharhana we awtoduralga bar. Häzir bu ýerde iş gyzgalaňly gidýär—barlag üçin awtoulagly ýük daşaýanlaryň harytlary düşürilýär, gelen ýükleriň gümrükhana resminamalary resmileşdirilýär, şeýle hem eksporta iberilýän „Türkmenistanda öndürildi“ belgili oba hojalygynyň, dokma senagatynyň önümleri we başga-da ençeme harytlar barlagdan geçirilýär.

Aşgabat gümrükhansynyň döwrebap, maddy taýdan üpjün edilen binasynda gümrükhana barlagy, töleg, kanun bozulmalaryna garşy, statistika, şeýle hem awtomatizasiýa bölümleri hereket edýär. Häzirki zaman sanly tehnologiýalary maglumatlary çalt ýygnamaga we işlemäge, maglumatlary alyşmaga, baş edara, ähli gümrükhana düzümleri we garamagyndaky postlar bilen merkezleşdirilen aragatnaşygy saklamaga mümkinçilik berýär. Amaly çäreler bilen bir wagtda gündelik seljerme işleri geçirilýär: barlagdan geçen we jogapkärçilikli saklamaga, tölegler boýunça ýükler, harytlar barada statistiki maglumatlar ýygnalýar.

Aşgabat gümrükhanasynyň garamagynda „Beýik Serdar“, „Howdan“, „Aşgabat howa menzili“, „Aşgabat“, „Beýik Serdar ýoly“, „Aşgabat demir ýollary“, „Täze Galkynyş“ postlary bolup, olarda hukuk goraýjy edaralar, Halkara karantin merkezi we beýleki döwlet gulluklary bilen bilelikde iş alnyp barylýar.Ýurdumyzyň serhedinden geçýän maldarçylyk we ösümlik önümleri goşmaça laboratoriýa barlagyndan hem geçilýär.

Ýükleri kabul edýän ekspeditorlaryň köpüsi, eksport edýän kompaiýalaryň deklarantlary, awtomobilli ýük daşaýjylar gümrükhana gullugynyň hyzmatlarynyň ýokary hilini, toplumyň amatly ýerleşişini, köp haryt sygýan ammarlary, ýük ýükleýiş-düşüriş işleriniň oňaýly awtomatlaşdyrylandygyny belleýärler. Mysal üçni, „Ak kerwen“ ulag kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Parahat Allaberdiýew Hytaýdan, Eýrandan, BAE-den ýük we ýeňil awtoulaglar üçin şaýlary getirýändigini aýtdy. Ol täze ammarlaryň we enjamlaryň ýokary derejelidigini belleýär.

Ýapyk gümrükhana bölümçeleriniň jemi sekizisi bolup, olar birbada köp ýük göterýän awtoulaglaryň ondan on ikisine çenli hyzmat etmäge niýetlenendir. Gurluşyk, durmuş himiýasy serişdelerini, halkyň sarp edýän harytlaryny saklamak üçin ammarlar, şeýle hem azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjyly ammarlaryň ikisi bar. Toplumdaky ýapyk giň meýdançalaryň üçüsi awtoulaglaryň tigirleri we ş.m. ýaly aýratyn şertlerde saklanmagy talap etmeýän ýüklere niýetlenendir. Azyk önümleri ammarynyň müdiri Jepbar Sähedow biziň bilen söhbetdeşlikde häzirki wagtda Türkiýeden, Russiýadan, Eýrandan, BAE-den, şeýle hem käbir Ýewropa ýurtlaryndan getirilen harytlaryň saklanýandygyny gürrüň berdi. Biziň wezipämiz- gümrükhana resminamalary düzedilýänçä olaryň ygtybarly goragyny üpjün etmekdir.

Aşgabat şäher gümrükhanasynda habar bermeklerine görä, Türkmenistana dünýäniň ähli künjeginden ýükler getirilýär. Elbetde, olaryň ugruny we awtoulagly ýük daşaýjylary ýük ugradyjylar ýa-da olary alyjylar belleýärler. Ýöne halkara derejeli demir we gara ýollaryň bolmagy ähli taraplar üçin amatly logistik ýük akymlaryny kemala getirýärler. Mysal üçin, Eýran ugryndan esasan Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa ýurtlaryndan, şeýle hem Russiýadan ýükli treýlerler „Howdan“ we „Artyk“ gümrük postlaryndan geçýärler, olarda, serhetýaka gümrük desgalarynyň ählisnde bolşy ýaly, harytlary gözden geçirmek üçin skaner ýa-da rentgentelewizion enjamlary bar. Käte iki ýerde, mysal üçin, gürluşyk desgalarynda ýüke garaşylýar. Şunda „içerki üstaşyr ýük geçirmek“ boýunça ol bir ýerden beýleki ýere iberilýär.

Türkmenistanyň üstünden geçýänleriň ýa-da ýurdumyzda awtoulagly ýük daşaýjyny çalyşýanlaryň resminamalary serhetde resmileşdirilýär, emma belli maslahatlar bilen içerki postlarda-da işlenilip bilner. Gümrükhana işgärleriniň dürli ýükler bilen iş salyşýanlygy sebäpli dürli tehniki serişdeler, şol sanda ýüki düşürmezden köp ýükli awtoulaglaryň ýükini jikme-jik barlamaga mümkinçilik berýän tehniki serişdeler ulanylýar. Şeýle hem mysal üçin, azyk önümleri, oba hojalyk mallary, baglaryň nahallary babatda barlag işlerine belli bir möhlet bellenilendir. Mundan başga-da, ýurdumyza daşary ýurt döwleriniň öz şahsy awtoulagynda gelýän raýatlary hem eksport-import ýükleri gümrük barlagyndan geçýärler.

Türkmenistan ösüşe uly mümkinçiligi, ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ulgamy, ynanyşma esasynda oňyn özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin açyk ýurtdyr. Hünär baýramy mynasybetli türkmen gümrükhana işgärlerine iberen gutlagynda döwlet baştutanynyň belleýşi ýaly, maksada okgunly işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap şertlerde halkara awtomobil ýollary, demir ýollary we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Türkmenistan bu halkara söwda ýolunyň ugrunda sebitara we yklymara ähmiýetli iri ulag-logistika merkezleriniň ýurduna öwrülýär.

Halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer özara hereketleriň işjeňleşmegi, syýahatçylygyň ösdürilmegi edaranyň işgärlerinden ýokary hünär ussatlygyny we daşary ýurtlaryň döwlet häkimiýeti edaralary we halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlygy talap edýär.