Abraýly halkara foruma gatnaşyjylar bilim we sport ulgamlaryny ösdürmegiň häzirki zaman ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

9-njy oktýabrda Aşgabatda bilim we sport ulgamlaryny ösdürmäge bagyşlanan halkara sergisi we maslahaty açylýar. Bilim ministrliginiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň guraýan forumyna otuza golaý döwletiň-- Russiýanyň, Hindistanyň, Ukrainanayň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Latwiýanyň, Moldowanyň, Belarusyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşýarlar.

Daşry ýurtly myhmanlaryň arasynda soňky ýyllarda şu esasy ulgamlary ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň iň möhüm ugurlarynda türkmen kärdeşleri bilen işjeň özara hereket edýän ýurdumyzyň ozal işleşip gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem oňa ilkinji gezek gatnaşýanlar-da bar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň meýdançalary bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, innowasiýalar we tejribe işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrýar. Foruma gatnşyjylaryň arasynda ýurdumyz bilen netijeli özara hereket edýän belli gurluşyk kompaniýalary, iri halkara agentlikleri we guramalary hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýänler bar.

Dünýäde öňdebaryjy iň täze kompýuter tehnologiýalaryny, innowasion ulgam enjamlaryny, programma üpjünligini, laboratoriýa, lingafon, interaktiw, multimediýa enjamlaryny işläp taýýarlaýjylar we öndürijiler bilen tanyşlyk has-da özüne çekiji bolsa gerek. Dünýä aragatnaşyk hyzmatlary bazarynda uly islegli bu tehniki nou-haular bilim pudagynda hem, sportda hem deň derejede ulanylýar. Ol golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem subut edildi.

Däp bolan täze kitaplar sergisi sany boýunça öňdäkileriň hataryndadyr. Şu ýylyň on aýynda umumy sany 10 milliondan gowrak neşir önümleriniň 374 görnüşini çykaran Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bölümi has görnükli bolar.

Umumy we bölümler boýunça mejlisleriň 4-sinde pudaklaýyn maslahat geçiriler. Birinji bölümiň bilim ulgamynda özgertmelere we halkara hyzmatdaşlgyna bagyşlanan mejlisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiriler. Sport ulgamynda halkara integrasiýasyny ösdürmegiň ugurlary Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriljek bölüm mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçiriljek duşuşugyň temasy bilim we sport ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň ornuna we ähmiýetine bagyşlanar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçiriljek dördünji duşuşykda esasan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak meselesine üns berler.