Maglumatlar tehnologiýalary boýunça halkara bilermen Ion Koşulýanu Döwlet gullugy akademiýasynda umumy sapaklary geçdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde maglumatlar tehnologiýalary babatda tejribe alyşmak dowam edýär.

2017-nji ýyla meýilnamalara laýyklykda 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Moldowa Respublikasyndan maglumatlar tehnologiýalary babatda halkara bilermen Ion Koşulýanunyň sapary boldy.

Jenap Koşulýanunyň saparynyň maksady – dolandyryşyň elektron ulgamlaryny meýilleşdirmekdäki we guramakdaky tejribeler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem „Döwlet gullugyny özgertmekde döwrebap ugurlar“ temasyndan „tegelek stoluň“ mejlisine gatnaşmakdan ybaratdy. Pikir alyşmalara şeýle hem halkara maslahatçylar, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň wekilleri we milli parlamentiň deputatlary çagyryldy.

Bilermeniň saparynyň çäklerinde professor – mugallymlar düzüminiň gatnaşmagynda tematiki duşuşyklar geçirilip, olarda elektron resminama dolanşygy ulgamynda halkara tejribesi we milli işler, durmuş aragatnaşyk ulgamlaryny meýilleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirkizaman bilim ulgamynda uniwersal edara amaly programmalaryň we MAT (maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary) serişdeleriniň: tekst prosessorlarynyň, elektron tablisalaryň, tanyşdyrylyşlary taýýarlamagyň programmalarynyň, maglumatlar bazasyny dolandyrmagyň ulgamlarynyň, grafiki paketleriň we ş.m. giňden ýaýrandygy bellenildi.

Akademiýanyň diňleýjileri üçin interaktiw elementleri bilen „ „E-Hökümet milli konsepsiýa-laryny işläp taýýarlamakda we kämilleşdirmekde MAT-dan peýdalanmakde şowly tejribeler“ we „MAT we döwlet dolandyryşy- halkara tejribesi we öňdebaryjy milli işler“ temalaryndan umumy sapaklar geçildi.

Umumy sapaklar tapgyry tamamlanandan soň mugallymlar üçin „Okuw işini kämilleşdirmekde MAT-y ulanmak“ temasyndan seminar geçirilip, onuň barşynda bilim işiniň ähli görnüşlerinde informatizasiýalaşdyrmaga üns çekildi. Halkara bilermeni açyk we uzak aralykdan okatmakda mugallymlar bilen bilim alýanlaryň arasynda özara hereket üçin MA tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça maslahatlary teklip etdi.