Bilim forumyna daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berýärler

Suratda: Wiktoriýa NOWIKOWA

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezi ýene bir gezek döwlet syýasatynyň bilim we sport ýaly esasy ulgamlarynyň gazananlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny görkezýän meýdança öwrüldi.

Foruma gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň dürli ylym-bilim we sport edaralarynyň wekillleri, şeýle hem tematiki sergi boýunça olaryň hyzmatdaşlary we oňa ilkinji gezek gatnaşýanlar bar, olar türkmen kärdeşlerini bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen iň täze gazanylanlar we wajyp ideýalar bilen tanyşdyrarlar.

Indi bolsa, söz foruma ganaşylardan.

Çen BO, «Huawei» maglumatlar-aragatnaşyk kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň telekeçilik işi Departamentiniň ýolbaşçysy:

-Biziň kompaniýamyz indi on bäş ýyl bäri Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Hyzmatdaşlarymyzyň arasynda bilim, aragatnaşyk, demir ýol ulaglary ministrlikleri bar.

Häzirki wagtda biz Türkmenistanda amala aşyrylýan bilimiň sanly konsepsiýasynyň tehniki üpjünçiligi meseleleri bilen meşgullanýarys. Häzir gepleşikler geçirilýär, Bilim ministrligine ýurduňyzyň bilim edaralarynyň ählisini birleşdiýän elektron ulgamyny döretmek boýunça taslamalaryň birnäçesi teklip edildi.

Biz ilkinji gezek sebitleriň ählisinde, paýtagtda hem, alysdaky ilatly ýerlerde hem üstünlikli işläp biljek interaktiw synp otaglarynyň işläp taýýarlamasy bilen tanyşdyrýarys. Şeýle innowasion otaglaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary uzak aradan bilim bermäge mümkinçilik berýär. Owadan bezelen multimedia tanyşdyrylyşy interaktiw usullaryň mümkinçiligni açyp görkezýär.

Sergeý KULKOW, «Softline» kompaniýasynyň direktorynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça orunbasary:

-«Softline»-Gündogar Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň, Amerikanyň, Hindistanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň otuzdan gowrak ýurdunda işleýän IT-kompaniýadyr. Türkmenistan indi on ýyl bäri işleşip gelýän köne hyzmatdaşlarymyzyň biri. Häzirki wagtda Senagat ministrligi bilen bilelikde senagat ulgamynyň hünärmenlerini okatmaga we olaryň hünärini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw merkezini döretmegi göz öňünde tutýarys.

Okuw düzümini döretmekde bize Bilim ministrligi goldaw berýär, onuň bilen biz beýleki ugurlarda hem, hususan-da, programma üjünçiligi we innnowasion kompýuter enjamlaryny iberip, netjeli hyzmatdaşlygy ösdürýäris.

Mohanraj TANGARAJAN, Malaýziýanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy:

-Malaýziýanyň bilim edaralary üçin diňe bir bilim we sport ulgamyna bagyşlanan her ýyl gurnalýan halkara sergi-maslahatyna gatnaşmak däl, eýsem Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bilim hyzmatlarynyň sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak hem asylly däbe öwrüldi.

Häzirki tematiki gözden geçirilişe Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň bäşisi gatnaşýar, olaryň käbiri Aşgabat forumyna ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa ösüşiň senagat-innowasion ugruny saýlap alan Türkmenistana gyzyklanmanyň artýanlygyna şaýatlyk edýär.

Aşagabat forumyna gatnaşýan bilim edaralarynyň bäşisi geljekki talyplara hünär taýýarlygyny almaga giň mümkinçilikler döredýär. Malaýziýanyň uniwersitetleri lukmançylyk, inženerçilik, kompýuter tehnologiýalary, biznes we ykdysadyýet, syýahatçylyk we myhmanhana biznesi, nebit we gaz, bank ulgamy we beýleki ugurlar boýunça okuwa çagyrýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ylym-bilim aragatnaşygy has-da berkedi, biziň ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilim almaga höwesek türkmen ýaşlarynyň sany ýylsaýyn artýar. Ýurduň intellektual mümkinçiligini berkitmäge ýardam edýän bu ugurdaky bilelikdäki iş- döwletara özara hereketiň möhüm bölegidir.

Lýubow ŞUMSKAÝA, Poltawanyň Ýuriý Kondratýuk adyndaky milli tehniki uniwersitetiniň Poltawa nebit we gaz kollejiniň direktory:

-Ukrainanyň dürli şäherlerinde ýerleşýän ýokary we orta hünärment okuw jaýlary- halkara sergi-maslahatyna yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Olardan Aşgabat forumyna ilkinji gezek gatnaşýan-da bar. Ol Poltawanyň nebit we gaz kollejidir, onuň talyplary tehniki sapaklaryň esaslaryny, kompýuter tehnologiýalaryny, önümçiligi guramagyň ýörelgelerini öwrenýärler. Kollej ýangyç känlerini gözlemäge we agtarmaga, şeýle hem nebit-gaz önümlerini gaýtadan işlemäge we ugratmaga ukyply ýangyç- energetika toplumy üçin ýörüte orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Potawanyň MTU-nyň düzümine girýän kollejimiziň uçurymlary islegi we okaýşynyň netijesi boýunça ýokary okuw mekdebine okuwyň azaldylan möhleti bilen giriş synagsyz kabul edilýär. Kollejiň döredilenine 50 ýyl doldy. Onuň Aşgabat forumyna gatnaşmagy- bilim hyzmatlarynyň halkara derejesine çykmaga ilkinji synanşygydyr.

Potawanyň Ýuriý Kondratýuk adyndaky milli tehniki uniwersiteti iş berijileriň bahasya görä, Ukrainanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 30-synyň hataryndadyr we Jemleşdirilen milli görkezijide Poltawanyň iň gowy ýokary okuw mekdebidir. Uniwersitet köpýyllyk taryhynda halkara hyzmatdaşlygynda uly tejribe toplady we Aşgabat sergisine iki gezek gatnaşdy. Olaryň netijesinde her ýyl hünär taýýarlygynyň dürli ugurlaryna Türkmenistandan talyplaryň 40-50- si okuwa girýärler.