Döwlet Baştutany zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammedow Ahmet Ataýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.